Ýada salyň, baş egiň!

10 Maý 2024
352

Düýn paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly çäreler geçirildi. Olara uruş weteranlary, dürli ýaşly ildeşlerimiz gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli weteranlara döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň çägi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli guralýan dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäresi şanly wakalary many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrdy. Änew şäheriniň merkezi seýilgähinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan ildeşlerimiziň hatyrasyna dikilen ýadygärlige gül goýmak dabarasy welaýatdaky çäreleriň başyny başlady. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Şeýle dabaralar Balkanabat şäherindäki, Daşoguz welaýat merkezindäki belent başly, ak lybasly binalar toplumynyň jümmüşindäki, Türkmenabadyň «Bitaraplyk» seýilgähindäki, Mary welaýat merkezindäki «Baky ot» ýadygärliklerine gül goýmak çäresinden başlandy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýerlerdäki harby bölümleriniň gullukçylary we serkerdeleri, welaýatlaryň edara-kärhanalarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary ýadygärliklere baharyň ter çemenlerini goýup, söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hatyraladylar. Ýurdumyzyň teatr ussatlary dabaralara gatnaşyjylara sahna oýunlaryny hödürlediler. Çykyşlarda mertligiň, merdanalygyň ýokary nusgasy bolan uruş weteranlarynyň hem-de tylda zähmet edermenligini görkezen, ýar ojagyny saklan eneleriň adyna çyn ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Medeniýet we sungat wekilleriniň ýörite taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary dabaralara aýratyn öwüşgin çaýdy.