Rowaçlygyň hem agzybirligiň nyşany

10 Maý 2024
160

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistan özüniň iň täze taryhynda ozal hiç mahal ýetilmedik belentliklere ýeten kuwwatly ülkä öwrüldi. Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

Jumasoltan EREŞOWA,
Dänew etrabynyň 31-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.