Watana söýgi — merdanalygyň ýoly

9 Maý 2024
314

Taryhymyzy şöhratlandyran merdanalar nesillerimiz üçin nusgalyk ýoly döreden kämil şahsyýetlerdir. Türkmeniň şeýle mert gerçekleri sanardan kändir. Watanyň merdana perzendi Berdimuhamet Annaýew hem şeýle şahsyýetleriň biridir.

Waspy Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda, «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly eserleriniň süňňüne siňen göreldämiz Berdimuhamet Annaýewiň durmuşyndan nesiller üçin öwrenmäge baý maglumatlar bar. «Älem içre at gezer» romanynyň ilkinji giriş sözi Gahryman Arkadagymyzyň kakasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň: «Meniň kakamyň durmuş ýoly barada anyk maglumatlar esasynda ynandyryjy gürrüň berýän çeper eser ýazanlygy üçin öz ogluma — Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýüregimden minnetdarlyk bildirýärin» diýen hoşallyk sözleri bilen başlanýar. Minnetdarlyk ýazgysynda Mälikguly aganyň kitabyň esasy gahrymanlarynyň biriniň öz atasy Anna agadygy, kakasy Berdimuhamet Annaýewiň mugallymçylyk işi we söweş ýollary bilen baglanyşykly bu eserde getirilýän köp sanly wakalar ozal mälim bolmadyk maglumatlardygy barada ýazýar. Şol ýazgysynda Mälikguly aganyň: «Anna mugallym bilen Berdimuhamediň bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmek boýunça «Nesillere nesihat» depderine girizilen maslahatlar häzirki zaman şertlerinde hem öz manysyny we ähmiýetini gaçyranok» diýip, kitabyň mugallymlar we terbiýeçiler, harby bölümleriň serkerdeleri we syýasy işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri üçin iň gowy eser boljakdygyny nygtaýar.

Gurbanmyrat KAKAJIKOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň müdiri, polisiýanyň maýory.