Ynanç haty

9 Maý 2024
379

Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary ynsanperwerlige, demokratiýa, milli aň-düşünjelilige hem-de adamlaryň biri-birine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzda kabul edilýän we hereket edýän kanunlar bolsa gönüden-göni raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramaga gönükdirilendir.

 Ýurdumyzda hereket edýän «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 75-nji maddasynyň 2-nji, 3-nji bentlerinde beýan edilişi ýaly, Ynanç haty üç ýyldan köp bolmadyk möhlete berlip bilner. Eger Ynanç hatynda möhlet görkezilmedik bolsa, ol notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan tassyklanylan wagtyndan başlap, bir ýylyň dowamynda güýjüni saklaýar. Ynanç hatynda onuň notariuslar, ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan tassyklanan senesi görkezilmedik bolsa, ol hakyky däldir. Bellenilen kadalar ýurdumyzda her bir raýatyň hukuklarynyň döwletimiz tarapyndan ygtybarly goralýandygynyň subutnamasydyr.

Jemal GURBANOWA,
«Adalat».