"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Mi­ke­lan­je­lo­nyň ser­gi­si açyl­dy

Lon­don­da Mi­ke­lan­je­lo­nyň öm­rü­niň we dö­re­di­ji­li­gi­niň soň­ky 30 ýy­ly­na ba­gyş­la­nan ser­gi açyl­dy. Ön­dü­ri­ji­lik­li iş­län su­rat­keş 1564-nji ýyl­da 89 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­ýar, ýö­ne ol öm­rü­niň soň­ky gün­le­ri­ne çen­li sun­gat eser­le­ri­ni dö­ret­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär. 1534-nji ýyl­da Mi­ke­lan­je­lo Flo­ren­si­ýa­dan Ri­me gid­ýär. Şon­da ol 59 ýa­şyn­da bo­lup, dö­wür­deş­le­ri­niň kö­pü­si ony eý­ýäm gar­ta­şan ha­sap­la­ýar­dy. Ýö­ne bu ädim Mi­ke­lan­je­lo üçin su­rat­keş hök­mün­de tej­ri­be­si­ni düýp­gö­ter öz­ger­den tä­ze dra­ma­tik döw­rüň baş­lan­gy­jy bol­ýar. Bri­tan mu­ze­ýi­niň res­mi web sa­hy­pa­sy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, bu ser­gi Mi­ke­lan­je­lo­nyň Rim pa­pa­sy Kli­ment VII ça­ky­ly­gy­ny ka­bul eden döw­rü­ne ba­gyş­lan­ýar. Kli­ment VII su­rat­ke­şe Siks­tin yba­dat­ha­na­sy­na «Soň­ky hö­küm» fres­ka­sy­ny çek­me­gi tab­şyr­ýar. Bu eser oňa has köp sar­gyt ge­ti­rip, Kli­men­tiň ýa­kyn­la­ry­nyň kä­bi­ri bi­len dost­laş­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.

Ze­rur iç­gi­le­riň bi­ri­ne öw­rü­ler

Alym­lar ýa­kyn wagt­da dü­ýe süý­dü­niň dün­ýä­de iň meş­hur iç­gi­le­riň bi­ri­ne öw­rül­jek­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Bu ba­ra­da «PLOS One» žur­na­ly­nyň bi­ler­men­le­ri ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da mä­lim edil­ýär. Bu haý­wan­lar eý­ýäm Af­ri­ka ýurt­la­ryn­da­ky ön­dü­ril­ýän süý­düň, tak­my­nan, 8 gö­te­ri­mi­ni üp­jün ed­ýär. Hü­när­men­ler 2030-njy ýy­la çen­li dün­ýä­de dü­ýe süý­dü­niň söw­da­sy­nyň 1,3 mil­liard dol­lar­dan ge­çip bil­jek­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Sa­ud Ara­bys­ta­ny, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri, Ga­za­gys­tan we Mon­go­li­ýa ýa­ly ýurt­lar­da dü­ýe süý­di bir­wagt­dan bä­ri ada­ty is­leg­li önüm­le­riň bi­ri­dir. – Şeý­le­lik­de, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da 2050-nji ýy­la çen­li dü­ýe süý­dü­niň köp ön­dü­ril­ip baş­lan­ma­gy müm­kin. Ne­ti­je­de, sy­gyr süý­dü­ne ga­ra­nyň­da, dü­ýe süý­dü­ne is­leg has-da ar­tar – di­ýip, Oks­ford uni­wer­si­te­ti­niň adam ge­og­ra­fi­ýa­sy ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my, dok­tor Ariel Ahern bel­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu mak­sat bi­len Gün­ba­tar ýurt­la­ryn­da dür­li fer­ma­lar peý­da bo­lup ug­ra­dy

Meý­le­tin­çi­le­ri­ň hal­ka­ra fo­ru­my

4-5-nji maý­da Daş­kent­de Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň meý­le­tin­çi­le­ri­niň hal­ka­ra fo­ru­my ge­çi­ri­l­di. Bu çä­re «Daş­kent – GDA-nyň ýaş­lar paý­tag­ty» mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­de gu­ral­dy. Öz­be­gis­ta­nyň paý­tag­ty­nyň Ýaş­lar paý­tag­ty di­ýen hor­mat­ly ada eýe bol­ma­gy ba­ra­da­ky ka­rar 2023-nji ýyl­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň ge­ňe­şin­de ka­bul edil­di. GDA ýurt­la­ryn­dan ge­len meý­le­tin­çi­lik he­re­ke­ti­niň 100-den gow­rak we­ki­li meý­le­tin­çi­le­riň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­mak, meý­le­tin­çi­lik he­re­ke­ti­niň ösü­şi­ne jem­gy­ýet­çi­li­giň ün­sü­ni çek­mek, ne­ti­je­li meý­le­tin mo­del­le­riň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň üs­tün­lik­li tej­ri­be­si­ni ýaý­rat­mak üçin şert dö­ret­mek we Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň ýaş­la­ry­nyň ara­syn­da jem­gy­ýet­çi­lik taý­dan iş­jeň po­zi­si­ýa dö­ret­mek me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Fo­ru­myň mak­sat­na­ma­sy te­ge­lek stol­la­ry, dis­kus­si­ýa plat­for­ma­la­ry­ny, us­sat­lyk sa­pak­la­ry­ny we se­mi­nar­la­ry öz içi­ne al­dy.

Wladimir Putin wezipesine girişdi

Wla­di­mir Pu­ti­niň Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti hök­mün­de ka­sam ka­bul edişlik da­ba­ra­sy 7-nji maý­da Kreml­de ge­çi­ril­di. Şeý­le­lik­de, Pu­tin res­mi taý­dan al­ty ýyl­lyk möh­let bi­len bu we­zi­pä gi­riş­di. Hor­mat ga­ra­wu­ly­nyň baý­dak gö­te­ri­ji­le­ri Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Döw­let baý­da­gy­ny, Pre­zi­den­tiň ştan­dar­ty­ny, Rus­si­ýa­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­ny, Pre­zi­den­tiň ny­şa­ny­ny Kremliň uly za­ly­na ge­tir­di­ler. Pu­tin ka­sam ka­bul eden­den soň, oňa Pre­zi­dent hä­ki­mi­ýe­ti­niň ny­şan­la­ry, şol san­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ger­bi­niň şe­ki­li bo­lan Ge­or­gi­ýew ha­jy gow­şu­ryl­dy.

Iň be­ýik ýa­şa­ýyş gök­di­rä­ni gur­lar

Du­baý­da­ky be­ýik­li­gi 828 metr bo­lan Burj-Ha­li­fa gök­di­rä­ni dün­ýä­niň iň be­ýik bi­na­sy ha­sap­lan­ýar, ýö­ne ol ýa­şa­ýyş bi­na­sy däl-de, tä­jir­çi­lik mak­sat­ly des­ga­dyr. Gök­di­rä­niň uly bö­le­gi­ni iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň eda­ra­la­ry eýe­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da özü­niň ägirt uly tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nal­ýan bu şä­her­de dün­ýä­niň iň be­ýik ýa­şa­ýyş-dur­muş mak­sat­ly gök­di­rä­ni­ni gur­mak­da hem öň­de­li­gi eýe­le­mek ka­ra­ry­na ge­lin­di. Şeý­le­lik­de, şä­he­riň mer­ke­zi­ne we «Palm Ju­meý­ra» eme­li ada­sy­na ýa­kyn ýer­de, ab­raý­ly Ma­ri­na se­bi­tin­de tä­ze 122 gat­ly «Six Sen­ses Re­si­dences Du­bai Ma­ri­na» top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Gök­di­rä­niň be­ýik­li­gi 517 met­re deň bo­lup, bu hä­zir­ki iň be­ýik ýa­şa­ýyş gök­di­rä­ni bo­lan Nýu-Ýork­da­ky 472 metr­lik «Cent­ral Park To­wer» bi­na­syn­dan 45 metr be­ýik bo­lar.

Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti çalt di­kel­ýär

Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk we ösüş gu­ra­ma­sy (OECD) 2024-nji ýyl­da glo­bal je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di. Ne­ti­je­de, bu ýyl ösüş öň­ki ga­ra­şyl­ýan 2,9 gö­te­ri­miň ýe­ri­ne 3,1 gö­te­ri­m bo­lar diý­lip çak­la­nyl­ýar. Bu ba­ra­da gu­ra­ma­nyň ha­sa­ba­tyn­da mä­lim edil­di. Tä­ze yk­dy­sa­dy ha­sa­bat­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, 2025-nji ýyl­da ösü­şiň öň­ki 3 gö­te­rim çak­la­ma­nyň ýe­ri­ne 3,2 gö­te­ri­me ýet­jek­di­gi bel­len­il­ýär. – Pan­de­mi­ýa­dan soň glo­bal yk­dy­sa­dy di­ke­liş çak edi­şi­miz­den hem has çalt gid­ýär – di­ýip, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk we ösüş gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy Ma­ti­as Kor­mann bel­läp geç­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, mu­nuň se­bä­bi ýurt­la­ryň ener­gi­ýa sars­gyn­la­ry­na uý­gun­laş­ma­gy hem-de Hy­taý ba­za­ry­nyň ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy bi­len bag­ly­lyk­da­ky uzak do­wam eden çäk­len­dir­me­ler­den soň­ra açyl­ma­gy­dyr.

42 mil­li­on agaç otur­dyl­dy

Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Uh­naa­giýn Hu­rel­suh ta­ra­pyn­dan çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş­mek mak­sa­dy bi­len ba­şy baş­la­nan «Mil­liard agaç» kam­pa­ni­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de hä­zi­re çen­li mon­gol to­kaý­çy­la­ry we bag­ban­la­ry je­mi 42 mil­li­on agaç ek­ip, ýap­rak­ly we gy­rym­sy agaç­la­ryň 120-den gow­rak gör­nü­şi­niň 63 mil­li­on na­ha­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler. Bu ba­ra­da ýur­duň Pre­zi­den­ti­niň met­bu­gat sek­re­ta­ry Ul­ziý­ba­ýa­ryn Zol­ba­ýar mä­lim et­di. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, Ulan-Ba­tor we 21 mon­gol aý­ma­gy, şeý­le hem be­ýle­ki gu­ra­ma­lar we kär­ha­na­lar, şol san­da mag­dan­çy­lyk pu­da­gyn­da iş­le­ýän 21 iri gu­ra­ma Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň 1 mil­liard agaç ek­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­ny gol­dap, 2030-njy ýy­la çen­li je­mi 608 mil­li­on agaç ek­jek­di­gi­ni tas­syk­la­dy­lar.

Panamanyň täze Prezidenti

5-nji maý­da Pa­na­ma­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da «Mak­sa­dy­ňa ýet» we «Al­ýans» bi­le­le­şi­gi­niň da­laş­gä­ri Ho­se Ra­ul Mu­li­no ses­le­riň 98,57 gö­te­rim­den gow­ra­gy­na eýe bo­lup, ýur­duň tä­ze Pre­zi­den­ti bol­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň saý­law ka­zy­ýe­ti­niň web sa­hy­pa­syn­da mä­lim edil­di. Saý­law­çy­la­ryň 34 gö­te­ri­mi, ýag­ny Pa­na­ma­nyň 769 müň­den gow­rak ra­ýa­ty Ho­se Ra­ul Mu­li­no ses ber­di. Ikin­ji orun­da «Baş­ga ýol» he­re­ke­ti­niň baş­ly­gy Ri­kar­do Lom­ba­no ge­lip, saý­law­çy­la­ryň 25 gö­te­rim­den gow­ra­gy­nyň se­si­ne eýe bol­dy. Pa­na­ma­nyň öň­ki Pre­zi­den­ti Mar­tin Tor­ri­hos bol­sa, ses­le­riň 15,84 gö­te­ri­mi bi­len üçün­ji or­ny eýe­le­di. Saý­law­la­ra gat­na­şyk 76,7 gö­te­ri­me deň bol­dy. Mun­dan öň ýur­duň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ni 2019-njy ýyl­da saý­la­nan Lau­ren­ti­no Kor­ti­so ýe­ri­ne ýe­ti­rýär­di.

Si Szin­pi­niň Ýew­ro­pa sa­pa­ry

5-nji maý­da Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na 5 gün­lük sa­pa­ry baş­la­dy. Ol Fran­si­ýa, Ser­bi­ýa we Weng­ri­ýa döw­let sa­par­la­ry­ny ama­la aşyr­dy. 6-njy maý­da Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Fran­si­ýa­nyň paý­tag­tyn­da­ky Ýe­li­seý köş­gün­de gu­ra­lan «Hy­taý – Fran­si­ýa-Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» at­ly üç­ta­rap­la­ýyn mas­la­hat­da Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron hem-de Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen bi­len gep­le­şik ge­çir­di. Bu mas­la­hat­da Hy­ta­ýyň li­de­ri Hy­taý bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän hyz­mat­daş­ly­ga yg­rar­ly bol­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le hem ol öz ýur­du­nyň Ýew­ro­pa se­bi­ti­ne mö­hüm hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ra­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.

Pi­ra­mi­da­dan be­ýik bo­lar

«SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Stars­hip» at­ly ra­ke­ta­sy­nyň Gi­za pi­ra­mi­da­syn­dan be­ýik bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Kom­pa­ni­ýa ýol­baş­çy­lyk ed­ýän Ilon Mask bu ra­ke­ta­lar bi­len Aýa, soň­lu­gy bi­len Mar­sa sy­ýa­ha­ty ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Hä­zi­re çen­li bu ra­ke­ta­nyň has ki­çi – uzyn­ly­gy 120 met­re ba­ra­bar bo­lan gör­nüş­le­ri sy­nag­dan ge­çi­ri­lip­di. Bu ra­ke­ta­nyň kuw­wa­ty NA­SA-nyň iň uly ra­ke­ta­sy bo­lan SLS-den iki es­sä go­laý köp. Ilon Mask ra­ke­ta­nyň soň­ky gör­nüş­le­ri­niň 140 met­re ba­ra­bar bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. De­ňeş­dir­mek üçin, Mü­sü­riň iň be­ýik pi­ra­mi­da­sy bo­lan Gi­za pi­ra­mi­da­sy­nyň be­ýik­li­gi 137 met­re ba­ra­bar. NA­SA Aýa ýük we ast­ro­nawt­la­ry gat­nat­mak­da «Stars­hip» ra­ke­ta­la­ry­ny ulan­mak üçin «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Röw­şen TÄÇ­BER­DI­ÝEW,

Iň ys­sy ap­rel aýy

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň kli­ma­ty öw­re­niş gul­lu­gy (C3S) Ýer ýü­zün­de iň ys­sy ap­rel aýy­nyň ha­sa­ba al­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le hem soň­ky 11 aýyň äh­li­sin­de aý­ra­tyn­lyk­da ys­sy re­kor­dy­nyň tä­ze­le­nen­di­gi mä­lim edil­di. Şeý­le­lik­de, ge­çen ýy­lyň iýu­nyn­dan bä­ri her aý ozal­ky ýyl­lar­da­ky şol aý­dan has ys­sy bo­lup­dyr. Soň­ky ýyl­lar­da ho­wa bi­len bir ha­tar­da de­ňiz ýü­zün­dä­ki su­wuň tem­pe­ra­tu­ra­sy hem ýo­kar­lan­ýar. Ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa çeş­me­le­ri ho­wa­nyň gyz­ma­gy­nyň esa­sy se­bä­bi hök­mün­de gör­ke­zil­ýär. Şeý­le-de bol­sa, bi­ler­men­ler Ýu­waş um­ma­ny­nyň gün­do­ga­ryn­da su­wuň gyz­ma­gy­na se­bäp bo­lan «El Ni­no» ýy­ly ho­wa aky­my­nyň hem ho­wa­ny gyz­dyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Hin­dis­tan­da ka­gyz pu­luň ula­ny­ly­şy azal­dy

Dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hin­dis­tan­da elekt­ron tö­leg ul­ga­myn­dan has köp peý­da­la­ny­lyp baş­lan­dy. Bi­ler­men­ler elekt­ron tö­le­giň ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti üçin hem bähbitlidigini bel­le­ýär­ler. Dün­ýä­de yk­dy­sa­dy taý­dan bä­şin­ji ýer­de dur­ýan Hin­dis­tan­da Bir­le­şen tö­leg in­ter­feý­si (UPI) at­ly tö­leg ul­ga­my 2016-njy ýyl­da ula­ny­lyp baş­lan­dy. Bu tö­leg ul­ga­my 15 ýyl ozal ta­nyş­dy­ry­lyp, şol wagt ýurt­da tö­le­giň 96 gö­te­ri­mi nagt görnüşde ama­la aşy­ryl­ýar­dy. Bu ul­gam ra­ýat­la­ra el te­le­fon­la­ry­ny karz pe­te­gi hök­mün­de ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ula­ny­jy­lar goş­ma­ça tu­tum bol­maz­dan, 600 tö­we­re­gi bank­dan öz ha­sap­la­ry­na pul ge­çi­rip bil­ýär­ler. Tö­leg ul­ga­my işe gi­ri­zi­len­den soň­ra 500 we 1000 ru­piýalyk bank­not­lar do­la­ny­şyk­dan aý­ryl­dy. Şol wagt nagt pu­luň 86 gö­te­ri­mi­ni bu 2 bank­not eme­le ge­tir­ýär­di. Soň­ra bol­sa, 2 müň ru­pi­ýalyk pul­lar do­la­ny­şy­ga goý­be­ri­lip­di. Em­ma ge­çen ýy­lyň maý aýyn­da bu pul­lar hem do­la­ny­şyk­dan aý­ryl­dy. Bu bol­sa ýurt­da nagt pu­la bo­lan ze­rur­ly­gyň gör­ne­ti

Re­kord de­re­je­de ulag ön­dür­di

Ýa­po­ni­ýa­nyň «Toyo­ta» kom­pa­ni­ýa­sy şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de ýe­niň hüm­me­ti­niň peselmeginiň hem-de gib­rid ulag­la­ra is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň tä­si­ri bi­len 4,94 tril­li­on ýen (31,9 mil­liard dol­lar) aras­sa peý­da ga­za­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Şeý­le­lik­de, bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den iki es­se ýo­ka­ry bo­lup­dyr. Ýa­pon bren­di­niň gir­de­ji­si bol­sa, mart aýyn­da ta­mam­la­nan ma­li­ýe ýy­lyn­da ge­çen ýy­lyň ma­li­ýe ýy­lyn­da­ky­dan 21,4 gö­te­rim ar­typ, 45,1 tril­li­on ýe­ne ýe­tip, ta­ry­hyn­da­ky iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji ha­sa­ba alyn­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň glo­bal sa­tu­wy soň­ky ma­li­ýe ýy­lyn­da De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da­ky hem-de Ýew­ro­pa­da­ky gib­rid ulag­la­ra bo­lan ýo­ka­ry is­le­giň ne­ti­je­sin­de 10,3 mil­li­on bir­li­ge ýe­tip­dir. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa bu ugur­da öz re­kor­dy­ny tä­ze­läp­dir. Aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si­niň gib­rid ulag­la­ry­nyň sa­tu­wy 31 gö­te­rim ar­typ, 3,7 mil­lio­na ýe­tip­dir. Şa­gel­di MY­RA­DOW,

Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny art­dyr­ýar

Da­na şa­hy­ry dün­ýä ta­na­ýar

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy türk­men hal­ky­nyň me­de­ni gym­mat­ly­gy, ru­hy ha­zy­na­sy hök­mün­de dün­ýä halk­la­ry­na giň­den ýe­ti­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de döw­le­ti­mi­ziň kö­pu­gur­ly ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de dün­ýä halk­la­ry hem Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň oky­jy­sy­na öw­rül­di. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ry häzire çenli dürli dil­le­re ter­ji­me edil­di. Ýa­ňy-ýa­kyn­da bol­sa, bu goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň gyr­gyz di­li­ne ter­ji­me edi­len­di­gi­niň şa­ýa­dy bol­duk. Tä­ze oky­jy­la­ryň äh­li­si be­ýik akyl­da­ryň be­ýan eden umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na, dur­muş ha­ky­ka­ty­na, dur­mu­şa dü­şün­mek üçin öňe sür­ýän yn­san­per­wer tag­ly­ma­ty­na iç­gin ara­laş­ýar­lar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta kün­je­gin­dä­ki Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan hä­zir­ki gün­ler­de akyl­da­ryň za­ma­na­nyň ösü­şi­ne, halk­la­ry, dö­wür­le­ri we ne­sil­le­ri bir­leş­dir­mä­ge go­şan go­şan­dy­na dü­şün­mä­ge oňaý­ly tä­sir ed

Täze banknotlar dolanyşyga goýberildi

Ar­gen­ti­na­da il­kin­ji ge­zek 10 müň pe­so gym­ma­ty bo­lan bank­not­lar do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­di. 11 ame­ri­kan dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lan tä­ze bank­not­lar adam­la­ryň köp nagt pul gö­ter­me­gi­niň öňü­ni alar. Ýur­duň Mer­ke­zi ban­ky nagt ula­ny­ly­şy­ny aň­sat­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len hüm­me­ti has ýo­ka­ry pu­ly taý­ýar­la­dy. Şeý­le hem bank ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 20 müň pe­so­lyk bank­not­la­ryň hem do­la­ny­şy­ga goý­be­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Täze banknotlaryň çykmagy puluň daşalmagynda hem-de töleg edilende peýdaly bolar. Tä­ze pul­lar Hy­taý­da çap edi­lip­dir. Ýurt­da bank­not çap et­mä­ge müm­kin­çi­lik bar. Em­ma bu is­le­gi ka­na­gat­lan­dy­ryp bil­män­di­gi se­bäp­li Hy­taý, Bra­zi­li­ýa we Is­pa­ni­ýa ýa­ly ýurt­lar­da pul çap edil­ýär.

Spor­tuň giň ge­rim­de ös­dü­ril­ýän me­ka­ny

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň alyp bar­ýan döw­let äh­mi­ýet­li, il-gün bäh­bit­li ta­gal­la­la­ryn­da sport sy­ýa­sa­ty mö­hüm orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär. Ýur­du­myz­da bi­na edi­lip, ula­nyl­ma­ga ber­len döw­re­bap sta­di­on­lar, sport mek­dep­le­ri we sport des­ga­la­ry ýaş tür­gen­le­riň uly to­pa­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam et­di. In­di olar ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­ter­ýär­ler. Ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni, spor­ty, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ry­my­zy Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na we hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­myn­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­dy. Bu ýa­ry­şyň jem­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň «Gal­kan» hok­keý to­pa­ry bi­rin­ji or­na my­na­syp bol­dy.

Ta­ry­hyň öz­bo­luş­ly be­ýa­ny

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Änew­de ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar­dyr du­şu­şyk­lar, mas­la­hat­lar, tä­sir­li çä­re­ler bu ga­dy­my şä­he­riň şöh­rat­ly ta­ry­hy­ny, baý me­de­ni mi­ra­sy­my­zy öw­ren­mek­de hem-de giň­den wa­gyz et­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­ta­by bol­sa, bu ugur­da ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk, eg­sil­mez ha­zy­na bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly tä­ze ki­ta­by Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy­nyň öňü­sy­ra­syn­da hal­ky­my­za sow­gat edil­di. Aja­ýyp eser gys­ga wagt­da ulus-ili­mi­ziň söý­gü­si­ni ga­za­nyp, her bi­ri­mi­ziň ýan­ki­ta­by­my­za öw­rül­di.

Parahat durmuşyň goragçylarynyň hormatyna dabaralar

Aşgabat, 9-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi. Häzirki nesilleriň parahat ýaşamaklary, olaryň bagtyýar geljegi ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň öňünde baş egýäris. Adamzadyň taryhyndaky iň ýowuz urşuň ýalynly ýyllarynyň uzak geçmişde galandygyna garamazdan, onuň pajygaly wakalaryny, ýüreklerde galdyran ýaralaryny ýatdan çykarmak mümkin däl. Halkymyzyň merdana ogullarynyň müňlerçesi elhenç söweşlerde janyny orta goýdular. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen edermenlikleri üçin ildeşlerimiziň ýüzden gowragy Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy.

«EKS­PO» ser­gi­le­ri – yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň meý­dan­ça­sy

Ýur­du­myz­da dur­muş-yk­dy­sa­dy ul­gam­da baý te­bi­gy se­riş­de­ler­den re­je­li peý­da­lan­mak­da, içer­ki müm­kin­çi­lik­le­ri da­şa­ry sy­ýa­sat bi­len ut­gaş­dy­ryp ös­dür­mek­de be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär. Ýur­du­myz­da ägirt uly möç­ber­li we giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz gül­läp ösü­şiň, aba­dan­çy­ly­gyň, bag­ty­ýar­ly­gyň me­ka­ny­na öw­rül­di. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi­ne do­ly de­re­je­de go­şu­lyş­mak ug­ru­na eýer­mek bi­len, Hal­ka­ra ser­gi­ler eda­ra­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän Bü­tin­dün­ýä EKS­PO ser­gi­le­ri­ne üs­tün­lik­li gat­na­şyp gel­ýär. Äh­li ul­gam­lar­da ýe­ti­len be­lent sep­git­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýaý­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak we öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len, in­di bir­nä­çe ýyl bä­ri «EKS­PO» ser­gi­le­ri­ne iş­jeň gat­na­şyp gel­ýä­ris.