Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh tarapyndan çölleşmäge garşy göreşmek maksady bilen başy başlanan «Milliard agaç» kampaniýasynyň çäklerinde häzire çenli mongol tokaýçylary we bagbanlary jemi 42 million agaç ekip, ýaprakly we gyrymsy agaçlaryň 120-den gowrak görnüşiniň 63 million nahalyny ösdürip ýetişdirdiler. Bu barada ýurduň Prezidentiniň metbugat sekretary Ulziýbaýaryn Zolbaýar mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, Ulan-Bator we 21 mongol aýmagy, şeýle hem beýleki guramalar we kärhanalar, şol sanda magdançylyk pudagynda işleýän 21 iri gurama Mongoliýanyň Prezidentiniň 1 milliard agaç ekmek baradaky başlangyjyny goldap, 2030-njy ýyla çenli jemi 608 million agaç ekjekdigini tassykladylar.