Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2024-nji ýylda global jemi içerki önümiň ösüşine ýokary baha berdi. Netijede, bu ýyl ösüş öňki garaşylýan 2,9 göterimiň ýerine 3,1 göterim bolar diýlip çaklanylýar. Bu barada guramanyň hasabatynda mälim edildi. Täze ykdysady hasabatda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylda ösüşiň öňki 3 göterim çaklamanyň ýerine 3,2 göterime ýetjekdigi bellenilýär.
– Pandemiýadan soň global ykdysady dikeliş çak edişimizden hem has çalt gidýär – diýip, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň başlygy Matias Kormann belläp geçdi. Onuň sözlerine görä, munuň sebäbi ýurtlaryň energiýa sarsgynlaryna uýgunlaşmagy hem-de Hytaý bazarynyň koronawirus ýokanjy bilen baglylykdaky uzak dowam eden çäklendirmelerden soňra açylmagydyr.