Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy türkmen halkynyň medeni gymmatlygy, ruhy hazynasy hökmünde dünýä halklaryna giňden ýetirilýär. Häzirki döwürde döwletimiziň köpugurly tagallalary netijesinde dünýä halklary hem Magtymguly Pyragynyň okyjysyna öwrüldi. Şahyryň goşgulary häzire çenli dürli dillere terjime edildi. Ýaňy-ýakynda bolsa, bu goşgular ýygyndysynyň gyrgyz diline terjime edilendiginiň şaýady bolduk. Täze okyjylaryň ählisi beýik akyldaryň beýan eden umumadamzat gymmatlyklaryna, durmuş hakykatyna, durmuşa düşünmek üçin öňe sürýän ynsanperwer taglymatyna içgin aralaşýarlar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabadyň günorta künjegindäki Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylmagyna garaşylýan häzirki günlerde akyldaryň zamananyň ösüşine, halklary, döwürleri we nesilleri birleşdirmäge goşan goşandyna düşünmäge oňaýly täsir edýär. Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginden başga-da, 25 töweregi daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleri oturdylar. Munuň özi hem dana şahyryň ynsanperwer taglymatlarynyň häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatsöýüjilikli gatnaşyklaryň aýdyň mysalydyr.