Ta­ry­hyň öz­bo­luş­ly be­ýa­ny

10 Maý 2024
197

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Änew­de ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar­dyr du­şu­şyk­lar, mas­la­hat­lar, tä­sir­li çä­re­ler bu ga­dy­my şä­he­riň şöh­rat­ly ta­ry­hy­ny, baý me­de­ni mi­ra­sy­my­zy öw­ren­mek­de hem-de giň­den wa­gyz et­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­ta­by bol­sa, bu ugur­da ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­lyk, eg­sil­mez ha­zy­na bo­lup dur­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly tä­ze ki­ta­by Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy­nyň öňü­sy­ra­syn­da hal­ky­my­za sow­gat edil­di. Aja­ýyp eser gys­ga wagt­da ulus-ili­mi­ziň söý­gü­si­ni ga­za­nyp, her bi­ri­mi­ziň ýan­ki­ta­by­my­za öw­rül­di.