"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Berkarar döwletiň ylham joşguny

Golaýda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Ony Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezi hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilelikde gurady. Bu baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy. Oňa medeniýet we sungat ussatlary Aýna Seýitgulyýewa, Begmyrat Annamyradow, Leýli Ökdürowa, Ogulgerek Durdyýewa, Aýgül Hanowa dagy gatnaşdy. Olar özleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda ýaşyl Baýdagymyzyň astynda gülleýän ýurdumyzy joşgunly wasp etdiler.

Akyldar şahyryň edebi mirasyna sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp wakalara beslenýän günlerinde giň gerimde dowam edýän duşuşyklaryň biri welaýat kitaphanasynda geçirildi. Welaýat kitaphanasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy» ady bilen geçirilen duşuşyga kitaphana işgärleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda welaýat kitaphanasynyň direktory Ogulhan Mätdurdyýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Enejan Amanýazowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Serdargeldi Gökiýew dagy çykyş edip, akyldar şahyryň döredijilik mirasy hakynda täsirli gürrüň berdiler. Şeýle hem çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde halkara derejede alnyp barylýan işleriň ähmiýeti hakynda aýratyn durlup geçildi.

Hünärime hormatym bar, sarpam bar

Türkmen oba hojalyk institutynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli ýaşlarda hünäre bolan söýgini kemala getirmek, ylym-bilim, döredijilik zehinini açyp görkezmek maksady bilen, bu okuw jaýynyň  talyp ýaşlarynyň arasynda «Hünärime hormatym bar, sarpam bar» atly bäsleşik geçirildi. Oňa talyp ýaşlar gatnaşyp, özleriniň okaýan hünärini çeper sözleriň, goşgularyň üsti bilen wasp etdiler hem-de öz bilim alýan hünäriniň aýratynlygy boýunça sergi guradylar, çykyşlara görä degişli şekilli rolikleri taýýarladylar, okaýan dersleri, ele alýan hünärleri boýunça edebi sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Çykyşlar bilen utgaşykly geçirilen wideorolikler has-da täsirli boldy. Bäsleşikde institutyň ösümlikçilik kafedrasynyň talyplary birinji, oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasy hem-de maldarçylyk, mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedralarynyň talyplary ikinji, kompýuter tehnologiýasy, oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy, traktor we oba hojalyk maşynlary kafedralarynyň talyplary üçünji orna mynasyp boldular.

Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýyş

Wagyz-nesihat çäresi

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi welaýat Baş bilim müdirliginiň, hukuk goraýjy edaralaryň we beýleki jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen bilelikde Daşoguz şäherindäki 31-nji orta mekdepde ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi. «Kämil ýaşlar — döwrümiziň ganaty, ýurdumyzyň geljegi» atly şygar bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresi ýaşlaryň ylymly-bilimli, ýokary ahlakly bolup ýetişmeklerini, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, jemgyýetçilik tertip-düzgünini, edep-terbiýe kadalaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeklerini ündemek maksadyna gönükdirildi.

Türkmenistanda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirilýär

15-nji maýda Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açyldy. Dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwletliligiň hem asudalygyň nyşanlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr. Ol ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär. Başymyzyň täjine we gözlerimiziň görejine deňelýän ýaşyl Baýdagymyzyň bu gün asuda asmanymyzyň parahat goýnunda asudalygyň hem-de baky bagtyýarlygyň nyşany bolup, erkana parlamagy ildeşlerimizi uly üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmeginde çuňňur many bar. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Konstitusiýamyzyň kabul edilmegine we Döwlet baýdagymyzyň döredilmegine 32 ýyl dolýar.

Okuw maslahaty geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňyn özgertmeler syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri-de jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak meselesidir. Saýlawlar raýatlaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky esasy syýasy hukuklarynyň biri hökmünde demokratik gatnaşyklaryň kemala gelmeginiň çeşmesidir. Häzirki wagtda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek Aşgabat şäheriniň №1 Garaşsyzlyk, №2 Bitaraplyk we №6 Köpetdag saýlaw okruglary boýunça möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň ýerine Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görülýär.

Gadymy medeniýetiň kämil beýany

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda kitaba gymmatly baýlyk hökmünde sarpa goýup gelipdir. Çünki kitap adamzadyň ähli ösüşleriniň açary bolan bilimiň we ylmyň bir ýere jemlenmesidir. Halk arasynda häli-häzire çenli ýaşap gelýän «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora!», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz», «Kitap okaýanyň ruhy baý» ýaly, atalar sözleridir nakyllar hem halkyň kitaba bolan çäksiz söýgüsinden döräpdir. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitap okamaga, öwrenmäge, ylym-bilimi artdyrmaga aýratyn üns berýärler, özleriniň ylham-zehininden dörän kämil, gymmatly kitaplary ýazyp, halkymyza peşgeş berýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň döredijilik zehininiň ajaýyp miwesi bolan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby giň okyjylar köpçüligine gowuşdy. Munuň özi halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza, şöhratly taryhymyza hormat-sarpasyny täze derejä göterdi.

Şadyýan möwsümiň öň ýanynda

Ýene bir okuw ýylyny üstünlikler bilen jemleýän welaýatymyzyň mekdep okuwçylary üçin iň hezil döwürleriň biri — tomusky dynç alyş möwsümi barha ýakynlaşýar. Bu möwsümiň dowamynda olar ýurdumyzyň gözel künjeklerindäki dynç alyş merkezlerinde wagtyny hoş geçirerler. Elbetde, çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan hem zerur işler durmuşa geçirilýär. Şu aýyň ilkinji gününden welaýatymyzda orta mekdeplerde wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirmek işine giň gerim berildi.

«Gözdaňdy» oýny

Çagalaryň arasynda iň meşhur bolan oýunlaryň biri-de «Gözdaňdy» oýnudyr. Munda oýny alyp barýan öňbaşçy oýunçylaryň içinden öz islegi boýunça eşekçini tapýar. Oýun 5-10 ýa-da ondan hem köpräk adam bolup oýnalýar. Oýunçy näçe köp bolsa, oýun şonça-da gyzykly geçýär. Oýun şeýle tertipde oýnalýar. Eşekçiniň gözüni ýaglyk bilen daňmaly. Onsoň ony tegelek çyzygyň ortasynda durzup, döwçüler hem çyzygyň daş-töwereginde islän ýerlerinde durýarlar. Döwçülerden biri «başlaýarys» diýip yşarat edenden soň, eşekçini duran ýerinde aýlap, duruzýarlar. Döwçüler ikiden-üçden çyzygyň içine girip, eşekçä el degirýärler. Eşekçi hem olary tutjak bolýar.

Dynç alşyňyz asuda geçsin!

Ajaýyp kitaby okap...

Belent ynama ygrarly ýaşlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gözel Diýarymyzyň her güni şanly wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň halkyna sowgat beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenilýär. Bilşimiz ýaly, bu kitap Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp, 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata we sergä gatnaşyjylara uly sowgat boldy.

18-nji maý — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni

Watan, aýdym bolup ýaňlan erkana! Her bir döwletiň dünýä giňişligindäki ornuny, ilki bilen, onuň hukuk binýady kesgitleýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni her ýyl uludan bellenilýär.

Gadamlaryň mübärek, şöhrat guçan Diýarym!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynda uly ösüşler gazanylyp, doganlyk ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklar, özara bähbitli, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklar giň gerime eýe bolup, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän her bir tutumly işleri halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe

Buýsançly toýuň dabarasy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň buýsançly senesi — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ýetip gelýär. Bu baýramçylygyň aýratynlygy onuň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň berkararlygynyň baýramy bolmak bilen, mähriban Watanymyza guwanjymyzy goşalandyryp, bu senäniň dabarasy dag aşýar.

Guramaçylykly aladalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly ösüşlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygy pudagyny ösdürmäge gönükdirilen Maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, azyk bolçulygyny döretmekde uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle bähbitli işlerde etrabymyzyň maldarlarydyr ekerançylarynyň saldamly goşantlary bar. Etrabymyzda oba hojalyk işleri utgaşykly alnyp barylýar. Beýle diýmegimiziň özüne ýetik sebäbi bar. Mysal üçin, dowardarlarymyz owlak-guzy möwsümini üstünlikli tamamladylar. Şu günler bolsa, pileçilerimiz üçin jogapkärli döwür dowam edýär. Pagtaçydyr gallaçy kärendeçilerimiziňem iş-aladalary ýetik. Gallaçylarymyz ak ekine idegi günsaýyn güýçlendirseler, ýaz ekişiniň irki geçirilen ýerlerinde hatarara bejergi işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işde tehnikalardan netijeli peýdalanylýar.

Meşhur alym hakynda söhbet

Ady sähramyza siňen akademik Her bir ynsan öz ykbalyny bir zada baglaýar. Biri hünäriniň ussady bolmagy üçin yhlasyny gaýgyrmasa, beýleki biri ylym bilen içgin meşgullanýar. Kimseler ene toprakdan alan bol hasylyndan hoşal bolsa, kimseler döreden eserinden lezzet alýar. Beýle diýmek bilen, haýsy hünärde zähmet çekseň-de “Çekseň zähmet — ýagar rehnet” diýlen jümläniň gelip çykýandygyny nygtamak isledim. Ýene-de bir zat. Her bir adamyň iş başynda janserek bolýandygyny, eden işiniň kemini goýmajak bolup yhlas edýändigini halypa žurnalistleriň biri — Döwrangeldi Agalyýew bilen söhbetdeş bolan wagtym, halypanyň maňa beren gürrüňlerinden has-da göz ýetirdim. Şol gürrüňleriň arasynda ylym hakynda söhbet açyldy. Gürrüňiň gelşine görä, halypa akademikleriň biri — Agajan Babaýew hakynda köp söhbet edildi.

Döwletliligiň baky buýsanjy

Ýakynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Milli döwletliligimiziň synmaz sütünleri ⸺ ýaşlaryň baky buýsanjy» atly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagyndaky bu baýramçylyk maslahaty ady agzalan okuw mekdebiniň eýwanyndaky sergini synlamak bilen başlandy. Şeýle-de Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdym-sazlary belentden ýaňlandy.

Myhman gelýär ýakyndan-daşdan

14-nji maýda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakiniň ýolbaşçylygyndaky Ýapon parlamentiniň wekiliýeti sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine myhman boldy. Milli däp-dessurlarymyza görä garşylanan myhmanlar, ilki bilen, Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp şäheriň günortasyndaky «Akhan» binasyny synladylar. Türkmeniň behişdi bedewi bolan Akhanyň çarpaýa galyp duran heýkeli ýaponiýaly myhmanlaryň ünsüni çekdi.