Meşhur alym hakynda söhbet

15 Maý 2024
274

Ady sähramyza siňen akademik

Her bir ynsan öz ykbalyny bir zada baglaýar. Biri hünäriniň ussady bolmagy üçin yhlasyny gaýgyrmasa, beýleki biri ylym bilen içgin meşgullanýar. Kimseler ene toprakdan alan bol hasylyndan hoşal bolsa, kimseler döreden eserinden lezzet alýar. Beýle diýmek bilen, haýsy hünärde zähmet çekseň-de “Çekseň zähmet — ýagar rehnet” diýlen jümläniň gelip çykýandygyny nygtamak isledim. Ýene-de bir zat. Her bir adamyň iş başynda janserek bolýandygyny, eden işiniň kemini goýmajak bolup yhlas edýändigini halypa žurnalistleriň biri — Döwrangeldi Agalyýew bilen söhbetdeş bolan wagtym, halypanyň maňa beren gürrüňlerinden has-da göz ýetirdim. Şol gürrüňleriň arasynda ylym hakynda söhbet açyldy. Gürrüňiň gelşine görä, halypa akademikleriň biri — Agajan Babaýew hakynda köp söhbet edildi.