Gadamlaryň mübärek, şöhrat guçan Diýarym!

15 Maý 2024
278

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynda uly ösüşler gazanylyp, doganlyk ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklar, özara bähbitli, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklar giň gerime eýe bolup, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän her bir tutumly işleri halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.