Dynç alşyňyz asuda geçsin!

15 Maý 2024
362

Howanyň ýylamagy bilen adamlar köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde bolýarlar. Şu döwürde ýangyn döremek töwekgelçiligi hem artýar. Şeýle hadysalaryň öňüni almak, raýatlaryň dynç alşynyň asuda geçmegini gazanmak üçin degişli kadalaryň berjaý edilmegi talap edilýär. Köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde bolnanda, ýangyn howpsuzlygynyň ýerine ýetirilmeli düzgünleri bar. Ilkinji nobatda, bu meselä jogapkär edara-guramalaryň hünärmenleri köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde gözegçilik işlerini üznüksiz alyp barmalydyrlar. Şeýle-de ilatyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini netijeli we täsirli alyp barmaly. Ýangynyň döräp biläýjek ýerlerinde «Çilim çekmek gadagan!», «Ot ýakmak gadagan!» diýen ýazgyly duýduryjy belgiler goýulmalydyr. Şunuň bilen bilelikde dynç alyş ýerleriniň çäklerinde, ýollaryň gyralarynda ýangyn gorag zolaklary geçirilmelidir. Ol ýerler gerekli mukdarda ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilmelidir.

Köpçülikleýin dynç alyş ýerlerine dynç almaga barýan her bir adam dynç alýan ýeriniň daş-töweregini guran haşal otlardan doly arassalamalydyr. Şonuň ýaly hem nahar taýýarlamak üçin ot ýakmakçy bolnanda, 0,5 metr çuňlukda çukuryň içinde daş-töwerege uçgun ýaýramaz ýaly daş böleklerinden, palçykdan kiçi görnüşli aýlaw halka etmeli. Ýel öwüsmeýän halatynda şol ýerde ot ýakmaklyga rugsat berilýär. Otdan peýdalanylyp bolnandan soňra ol suw sepilip söndürilmelidir hem-de çukur gömülmelidir. Bulardan başga-da köpçülikleýin dynç alynýan ýerlere barlanda, awtoulaglar niýetlenilen ýerlerde goýulmalydyr.

Aganyýaz KULYÝEW,
welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 513-nji ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň podpolkownigi.