Myhman gelýär ýakyndan-daşdan

15 Maý 2024
273

14-nji maýda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakiniň ýolbaşçylygyndaky Ýapon parlamentiniň wekiliýeti sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherine myhman boldy.

Milli däp-dessurlarymyza görä garşylanan myhmanlar, ilki bilen, Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp şäheriň günortasyndaky «Akhan» binasyny synladylar. Türkmeniň behişdi bedewi bolan Akhanyň çarpaýa galyp duran heýkeli ýaponiýaly myhmanlaryň ünsüni çekdi.