"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Şat dünýäniň bagtyýar waspçylary

Şu gün — 1-nji iýunda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň ýaş suratkeşleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemlän bäsleşikde Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, welaýatlarymyzdan gatnaşan ýaş nesilleriň içinden jemi 21 okuwçy ýeňiji diýlip yglan edildi.

Berkarar döwletiň bagtyýar çagalary

Welaýat çagalar öýünde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Welaýat çagalar öýüniň hem-de welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Ir säher bilen geçirilen baýramçylyk dabarasynda welaýat çagalar öýüniň direktory Aýnagözel Akgaýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Durdymuhammet Annageldiýew we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler çagalary şanly sene mynasybetli gutladylar we olara bagtly geljek arzuw etdiler. Şeýle-de, baýramçylyk çäresiniň dowamynda welaýat çagalar öýüniň çagalarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna, gysgajyk sahna oýunlaryna tomaşa edildi.

Şatlyga beslenen çäre

Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri biziň welaýatymyzda-da giň gerime eýe boldy. Şu baýramçylyga bagyşlanan dabaraly çäreler çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şu sene mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guran aýdym-sazly baýramçylyk çäresem şatlyk-şowhuna beslendi. Mary şäherindäki “Ary” çagalar dynç alyş merkezinde guralan “Durmuşyň geljegi eziz çagalar” atly dabaraly çäräniň dowamynda çagalar kemsiz dynç aldylar. Bu çäräniň özi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýaş nesil hakynda edilýän bimöçber aladalara şaýatlyk etdi. Şeýle hem baýramçylyk çäresine gatnaşan çagalara TSTP-niň welaýat komiteti tarapyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Aýdym-sazlaryň belent owazy astynda geçen baýramçylyk çäresi çagalaryň göwünlerini göterdi.

Berkarar döwletiň bagtyýar çagalygy

1-nji iýunda dünýäniň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni Wekilbazar etrabynyň “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş seýilgähinde giňden bellenildi. Dabara etrabyň bagtyýar çagalary gatnaşdylar. Dabarada etrabyň Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, şeýle-de, etrapdaky orta mekdepde bilim alýan bagtyýar çagalaryň şadyýan aýdymlary, baýramçylyk goşgularydyr çykyşlary ýaňlandy. Dabaranyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar çagalarynyň döwrümiz, eziz Watanymyz bilen baglanyşykly çeken suratlarynyň sergisi, şeýle hem etrabyň sport bilen meşgullanýan çagalarynyň bäsleşikleri geçirildi.

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyldy

Welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Welaýat häkimliginiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara mähriban çagajyklar gatnaşdylar.

Şatlyk-şowhuna beslenen dabara

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli welaýatymyzdaky “Bagtyýarlyk” seýilgähinde dürli ýaşdaky çagalaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Ol ýerde çagalar dürli çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Çaga ýüreginde joşýar Watan söýgüsi

Murgap etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň we etrap medeniýet merkeziniň guramagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli etrapda “Çaga ýüreginde joşýar Watan söýgüsi” atly aýdym-sazly çäre geçirildi. Her ýylyň 1-nji iýunynda ýurdumyzyň çäklerinde Çagalary goramagyň halkara gününiň uly dabara bilen bellenip geçilmegi Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň uly alada bilen gurşalandygynyň, Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynda tassyklanan esasy ugurlara ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.

Ýaňlanýar ülkämde çaga gülküsi

Şu gün ýurdumyzyň çar künjünde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralar uludan tutuldy. Irden Türkmenabat şäheriniň «Bitaraplyk» seýilgähinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bagtyýar çagalaryň we ata-eneleriň gatnaşmaklarynda baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi. Säher bilen aýdym-sazyň hoş owazy bu medeniýet ojagyny gurşap aldy. Welaýat häkimliginiň, welaýat baş bilim we medeniýet müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda surat çekmek, aýdym aýtmak, saz çalmak boýunça guralan bäsleşiklerde zehinli ýaşlar ýüze çykaryldy. Milli oýunlar boýunça geçirilen ýaryşlarda hem ökdeler, çalasynlar öňe saýlandylar. Baýramçylyk mynasybetli oýun meýdançalary, attraksionlar çagalaryň ygtyýaryna berildi.

Şadyýanlygyň hem-de ruhubelentligiň baýramy

Nowjuwan bahar-ýazly, çar ýany aýdym-sazly eziz Diýarymyz bagtyýar çagalygyň mekany. Hormatly Prezidentimiziň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr» diýip belleýşi ýaly, bagtyýar nesiller ata Watanymyzyň gül-gunçalarydyr. Her ýylda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilýän köpöwüşginli aýdym-sazly dabaralar muny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Akyldar şahyry sarpalap

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dabaralara beslenýän günlerinde etrap çagalar sungat mekdebinde beýik Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» diýen at bilen bäsleşik geçirildi. Onda mekdebiň nakgaşçylyk we heýkeltaraşlyk bölümlerinde bilim alýan çagalar akyldar şahyryň keşbini, onuň önüp-ösen Gerkez obasynyň gözel tebigatyny wasp edýän işleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşige hödürlenen eserleriň arasynda Kakamyrat Aşyrowyň, Mähriban Kerwenowanyň, Hurma Berdiýewanyň, Araz Ahmedowyň, Döwlet Oranowyň işlerine ýokary baha berildi. Olar bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldylar.

Ömrümiziň gül-gunçalary

Çaga – ynsanyň iň gymmatly baýlygydyr. Olar ýurdumyzyň geljegini bina etmeli, şahsyýetler bolup ýetişmeli nesillerdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil çäksiz mähir, alada bilen gurşalýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Watanymyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň mekany

Täze çagalar dynç alyş merkezi açyldy Balkan welaýaty, 31-nji maý (TDH). Şu gün Magtymguly etrabynda “Arkadagly nesiller” döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň mekany

Täze çagalar dynç alyş merkezi açyldy Balkan welaýaty, 31-nji maý (TDH). Şu gün Magtymguly etrabynda “Arkadagly nesiller” döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

335 kilometrlik welosipedli ýöriş

Marydan paýtagtymyza tarap badalga aldy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda halkara seneleriň sanawyna girizilen Bütindünýä welosiped güni şu ýyl ýedinji gezek belleniler. Ekologiýa we saglyk taýdan juda peýdaly bolan bu ulagyň şanyna biziň ýurdumyzda guralýan dabaralar her ýyl özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu sene mynasybetli Aşgabatda geçen ýyllarda Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan ykrar edilen köpçülikleýin çäreleriň birnäçesi geçirildi. Şu ýyl bolsa ol paýtagtymyzda geçirilen welotrek boýunça milli birinjilige hem-de ýurdumyzdaky ýokary tizlikli ýoluň ugry boýunça badalga berlen ýörişe beslenýär.

Watan goragçylary — asudalygyň synmaz sütünleri

Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, häzirki zaman ýaraglarydyr harby tehnikasy bilen üpjün etmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr. Şundan ugur alnyp, 29-njy maýda ýurdumyzyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi. Watan goragçylarynyň hünär ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyny artdyrmak, olaryň gury ýerde, howa giňişliginde, deňizde harby sungatyň täze öňdebaryjy usullaryny, söweşi alyp barmagyň tärlerini ulanmak arkaly, sazlaşykly hereketleri ýerine ýetirmegi başarmaklaryny gazanmak bu gezekki türgenleşikleriň esasy maksadydyr. Toparlaryň öňünde duşman toparlaryny ýok etmek, howa hüjümlerini gaýtarmak we beýlekiler ýaly söweşjeň türgenleşik wezipeleri goýuldy. Şunda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagynyň türgenleşikleriň tapawutly aýratynlygydygyny bellemek gerek. Bu babatda häzirki zaman sanly nawigasiýa ulgamy bilen ü

Demokratik ýörelgelere ygrarlylyk

Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen şu ýylymyzyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek çäresi, ýurdumyzyň saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, 8-nji maýda başlandy we guramaçylykly dowam edýär. Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan wekilleri hödürlemek boýunça mejlislerdir ýygnaklar geçirilýär.

Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

Danalaryň aýdyşy ýaly, nirede bagtyýarlyk, parahatçylyk bar bolsa, şol ýerde çagalaryň şadyýan sesleri has belentden ýaňlanýar. Çaga biziň dünýämiziň iň uly şatlygydyr. Çagajyklaryň şadyýan gülküleri bahasyz gymmatlyga deňelýär. 1-nji iýunda tutuş dünýäde, şol sanda ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenilmegi ýaş nesil hakda edilýän aladalaryň aýdyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde bagtly, bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip nygtaýar. Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklaryny doly açmagy üçin şertleriň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň,

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) ÇAGANYŇ TERBIÝESI OL DÜNÝÄ INEN PURSADYNDAN BAŞLANÝAR

Watanymyzyň buýsanjy siz, çagalar!

Çagalar bagtly bolsa il abadandyr, ýurt abatdyr, öýlerimiz rahatdyr, döwletlidir. Olar ynsanyň kalbyna, ömrüne we durmuşyna nur çaýýan çyragdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda türkmençilikde ýedi sany zady ýüze sylmak dessury hakynda aýdylýar. Şolaryň biri hem täze dünýä inen çaga bilen bagly. Durmuşymyzyň gül-gunçalaryna deňelýän balalar maşgala binýadyny has-da berkidýär. Akyldarlaryň biri: «Nirede çagalaryň şadyýan gülki sesleri has belentden ýaňlanýan bolsa, şol ýerde bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk höküm sürýändir. Ol ýer bagtyýar çagalygyň mekanydyr» diýip belleýär. Şol bagtyýar çagalaryň, bagtly çagalygyň mekany hasaplanylýan eziz Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Çagalary goramagyň halkara güni uly şatlyk-şowhun bilen, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Türkmenistan döwletimizde ýaş nesiller çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýärler. Mähir, egsilmez söýgi bilen gurşalýan ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, watansöýüji, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli we tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Biotehnologiýa — möhüm ugur

Hormatly Prezidentimiziň 10-njy maýda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzda ylmyň degişli ugrunyň, şeýle hem biosenagatyň ilerlemeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. 30-njy maýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilen «Ýurdumyzda biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň ösüşi» atly ylmy-amaly maslahatda hem biotehnologiýanyň durmuş-ykdysady ösüşde eýeleýän orny barada pikir alşyldy. Ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň degişli barlaghanalarynyň, Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy işgärleri, professor-mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy. Onuň dowamynda edilen çykyşlar «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndaky» strategik ugurlar, ýurdumyzyň haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüligini öwrenmegiň ylmy netijeleri we öňde durýan wezipeleri, biotehnologiýanyň usullary ar