Ýaňlanýar ülkämde çaga gülküsi

1 Iýun 2024
314

Şu gün ýurdumyzyň çar künjünde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralar uludan tutuldy. Irden Türkmenabat şäheriniň «Bitaraplyk» seýilgähinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bagtyýar çagalaryň we ata-eneleriň gatnaşmaklarynda baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi. Säher bilen aýdym-sazyň hoş owazy bu medeniýet ojagyny gurşap aldy. Welaýat häkimliginiň, welaýat baş bilim we medeniýet müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda surat çekmek, aýdym aýtmak, saz çalmak boýunça guralan bäsleşiklerde zehinli ýaşlar ýüze çykaryldy. Milli oýunlar boýunça geçirilen ýaryşlarda hem ökdeler, çalasynlar öňe saýlandylar. Baýramçylyk mynasybetli oýun meýdançalary, attraksionlar çagalaryň ygtyýaryna berildi.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.