Berkarar döwletiň bagtyýar çagalygy

1 Iýun 2024
281

1-nji iýunda dünýäniň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Çagalary goramagyň halkara güni Wekilbazar etrabynyň “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş seýilgähinde giňden bellenildi. Dabara etrabyň bagtyýar çagalary gatnaşdylar.

Dabarada etrabyň Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, şeýle-de, etrapdaky orta mekdepde bilim alýan bagtyýar çagalaryň şadyýan aýdymlary, baýramçylyk goşgularydyr çykyşlary ýaňlandy. Dabaranyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar çagalarynyň döwrümiz, eziz Watanymyz bilen baglanyşykly çeken suratlarynyň sergisi, şeýle hem etrabyň sport bilen meşgullanýan çagalarynyň bäsleşikleri geçirildi.