Biotehnologiýa — möhüm ugur

31 Maý 2024
258

Hormatly Prezidentimiziň 10-njy maýda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzda ylmyň degişli ugrunyň, şeýle hem biosenagatyň ilerlemeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. 30-njy maýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilen «Ýurdumyzda biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň ösüşi» atly ylmy-amaly maslahatda hem biotehnologiýanyň durmuş-ykdysady ösüşde eýeleýän orny barada pikir alşyldy.

Ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň degişli barlaghanalarynyň, Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy işgärleri, professor-mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy. Onuň dowamynda edilen çykyşlar «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndaky» strategik ugurlar, ýurdumyzyň haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüligini öwrenmegiň ylmy netijeleri we öňde durýan wezipeleri, biotehnologiýanyň usullary arkaly endemiki ösümlikleri köpeltmegiň mümkinçilikleri ýaly mowzuklara bagyşlandy. Pikir alyşmalarda biotehnologiýanyň durmuşyň we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly öňegidişlikleri gazanmaga ýardam edýändigi bellenildi.

Ýörite habarçymyz.