Bagtyýar nesiller — biziň umyt-arzuwlarymyz
Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ilkinji gezek guralan döredijilik bäsleşigi iki tapgyrda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden müňden gowrak çaga gatnaşdy we şolaryň 350-si aýratyn döredijilik zehini bilen tapawutlanyp, 21-si bolsa birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldy. Bäsleşikde aýratyn tapawutlanan hem-de ýeňiji bolan çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary gowşuryldy.