Ruhubelentlige beslenen ýöriş

3 Iýun 2024
262

Bütindünýä welosiped güni bolan 3-nji iýunda ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Ir säheriň arassa howasyndan dem alýan ruhubelent welosipedçiler Mary şäheriniň gözel köçeleriniň biri bolan Kemine köçesiniň başlanýan ýerinden badalga aldylar. Ýürekleri buýsandyryjy bu welosipedli ýörişe welaýat, etrap, şäher häkimliklerinden, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryndan, edara-kärhanalardan ýolbaşçylar we hünärmenler, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Şäheriň merkezine tarap ugur alan ruhubelent welosipedçiler ýoluň iki gapdalyndaky gözellikleri synlap, dabaraly ýörişi dowam etdirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsan saglygyny ähli zatdan belentde goýýandygyna düşünýän welosipedçiler pellehana tarap ruhubelentlikde ugradylar.