Paýtagtymyzda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

3 Iýun 2024
279

1-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny tassyklap, öz ýaşajyk raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmekde ýokary jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny iş ýüzünde subut edýär. Çagalarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, döredijilik işine höweslendirmek, olaryň surat çekmek ukybyny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen guralan bäsleşige Watanymyza, mähriban topragymyza, maşgala gymmatlyklaryna, gözel tebigatymyza we milli mirasymyza bolan çäksiz söýgini wasp edýän ajaýyp işler hödürlenildi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.