Ussada bagyşlanan täze kitaplar

3 Iýun 2024
257

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan taýýarlanylan «Arkadag hem Pyragy — pähim-paýhas ummany» atly kitap «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edildi. Akyldar şahyryň ýubileý senesi mynasybetli çapa taýýarlanan bu ylmy ýygyndyda şahyryň döredijiligine bagyşlanan makalalara uly orun berlipdir. Kitapda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dürli taraplary barada söz açylýar.

Maral Atdaýewanyň «Magtymgulynyň çeper filosofiýasynyň esaslary» atly başga bir täze kitabynda bolsa akyldaryň edebi mirasyna belent sarpanyň goýulýandygy açylyp görkezilýär. Şeýle eserleriň neşir edilmegi ýurdumyzda Magtymgulynyň döredijiligini içgin öwrenmekde ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär.

«Watan».