Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

3 Iýun 2024
227

1-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar şanly waka mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly çykyşlarynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi ugrunda döredýän şertleri üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler, parahat durmuşymyzy, gülläp ösüşleri wasp etdiler. Olar baý milli medeni mirasymyzdan ylham alyp, täzeçillikler üçin hemişe açykdyklaryny aýdyň görkezdiler. Dabara ýurdumyzyň estrada aýdymçylarynyň, sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Baýramçylyk mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň toý şatlygyna şatlyk goşan ägirt uly süýjülik torty getirildi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.