"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Salam, tomus!

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň wagtyny gyzykly, şadyýan, peýdaly geçirmegini we saglygyny berkitmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly tabşyryklaryndan ugur alnyp, Ahal welaýatynda degişli taýýarlyk işleri ýerine ýetirildi hem-de welaýat häkimliginiň garamagyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri tomsuň ilkinji günlerinden bagtyýar nesliň wekillerine gapylaryny giňden açdy. Mekdep okuwçylaryny çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugradyş dabaralary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Änew şäheriniň «Buýsanç» çagalar medeni-dynç alyş seýilgähiniň hem-de Kaka etrabynyň Medeniýet öýleriniň öňündäki meýdançalarda ýaýbaňlandyrylan dabaralar mekdep okuwçylaryny degişlilikde Gökderedäki «Bagtyýar nesiller», Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerine ugratmagynyň şanyna geçirildi. Çagalara egsilmez şatlyk paýlan dabaralarda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde bu gün ýurdumyzyň ýaş nesliniň eşretli durmuşyň hözirini görüp, bagtyýarlykda ýaşaýandygy, olaryň tomusky dynç alyş möwsümlerinde wagtyny şadyýanlykda, manyly geçirmekleri, saglygyny berkitmekleri ugrunda uly şertlerdir mümkinçilikleriň döredilýändigi barada guwanç bilen bellä

Saglyk — baş baýlyk

Ýakynda Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň, beýleki edara-kärhanalaryň işgärleriniň gatnaşmagynda keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini ündemek maksady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bilelikde gurady. Maslahatda ýurdumyzda ynsan saglygy ugrunda edilýän aladalar dogrusynda söz açylyp, iýmit zäherlenmesiniň öňüni almak bilen bagly gürrüňe aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, ilatymyzy dürli ter gök we beýleki azyk önümleri bilen üpjün etmekde uly tagallalar edilýär. Şeýle-de bolsa, dürli önümlerden iýmit zäherlenmesiniň ýüze çykýan halatlaryna duş gelinýär. Iýmit zäherlenmesiniň adam saglygy üçin iň howplusy botulizm keselidir. Botulizm keseliniň öňüni almakda iýmit önümlerini talabalaýyk saklamak, gök önümleri öý şertlerinde gaplananda taýýarlanyş usullaryny doly we dogry berjaý etmek esasy talaplaryň biri bolup durýar.

Düýe etinden taýýarlanýan tagamlar

Düýe eti arzan we ýokumly azyk önümidir. Biziň ýurdumyzda düýe etini öndürmek we azyk önümçiliginde ulanmak giňden ýaýrap, ol goýun ýa-da sygyr etinden kem saýylmaýar. Ýaş, gurat düýeleriň eti hili boýunça sygryňkydan pes däldir. Düýe etiniň energiýa ýokumlylygy olaryň semizlik derejesine bagly bolýar. Düýeler örküçlerinde 100 — 150 kilograma çenli ýag ýygnamaga ukyply hasaplanylýar. Olary ete soýmak üçin iň oňaýly wagt 2 ýaş 8 aý hasaplanylýar. Şonda olaryň diri agramy 520 kilograma çenli, läşiniň arassa çykymy 60 — 63 göterime ýetýär. Banda (Hausa) — bu tagamy taýýarlamakda düýe etini bölekläp, güneşde guradyp, soňra açyk ýanýan oduň üstünde tüsse bilen kakadýarlar.

Düzgünleri berjaý edeliň!

Dowardarçylygyň esasy ot-iým binýady öri meýdanlarydyr. Öri meýdanlarynyň ösümlik dünýäsi dürli görnüşli bolup, olaryň käbir görnüşi ir ýetişip, tomusda gurap başlaýar we howanyň gyzyp başlamagy bilen, öri meýdanlarynda ýangyn döremek howpy ýüze çykýar. Öri meýdanlarynda ot ýakylmazdan öň, on bäş metr daş-töweregi guran ot-çöplerden topraga çenli arassalamaly, soňra ýarym metr çuňlukda gazylan oý ýer taýýarlanyp, oduň daş-töwerege ýaýramazlygyna göz ýetirilenden soň, howanyň şemalsyz wagty ot ýakmaga rugsat berilýär. Ot ýakylyp bolnandan soň, oňa suw sepip ýa-da üstüne gum sürüp, ody doly söndürmeli. Otdan uçgunyň çykmaýandygyna doly göz ýetirip, düşelge ýerinden gitmek bolar. Awtoulaglaryň sürüjileri öri meýdanlarda awtoulag sürenlerinde, onuň tüsseçykaryndan uçgunyň guran ot-çöplere düşmegi bilen ýangynyň döremeginiň ähtimaldygyny ýatdan çykarmaly däldirler. Şonuň üçin öri meýdanlaryna gidýän awtoulaglary ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleridir enjamlar bilen üpjün etmeli.

Durmuşymyzyň gül-gunçalary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde il-ýurt bähbitli işler, beýik özgertmeler amala aşyrylyp, çagalaryň eşretli durmuşyň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanda maşgala, eneler we çagalar döwlet tarapyndan goralýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň ýaşaýşy, durmuş taýdan goraglylygy, ruhy taýdan sagdyn ösüşi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi barada edýän taýsyz tagallalary özüniň oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bagtyýar çagalar sapaly tomus möwsüminde dynç alýarlar. Çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin iň döwrebap dynç alyş merkezleri hereket edýär. Munuň özi olaryň sagdyn ösmegine ýardam berýär. Diýarymyzda çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň milli kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna we onuň teswirnamalaryna sebitde ilkinjileriň hatarynda goşulmak bilen, ýaş nesil babatda döwlet syýasatyny hem-de milli kanunçylygyny bu halkara resminamalaryň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirdi. Ýurdumyzd

Çagalaryň dynç alşy şatlyga beslenýär

Gökderede dynç alýan çagalaryň her bir gününi uly ruhubelentlige beslemek maksady bilen bu ýerdäki merkezlerde ýörite meýilnamalar taýýarlanyldy. Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň terbiýeçi mugallymlary hem öz işlerini meýilnama laýyklykda guraýarlar. Merkezde 300-den gowrak çaga dynç almaga amatly şertler bar. Bu ýerde dört bina, daşky howuz, kinozal, amfiteatr bolup, ol ýerde çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Çagalaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin basketbol, woleýbol, tennis meýdançalary hem bar. Bu ýerde kompýuter, surat, sport gurnaklary hem hereket edýär. Kitaphana otagy hem çagalar üçin niýetlenendir. Bu merkezde çagalaryň ýaş aýratynlyklary boýunça 10 sany topar döredildi. Ol toparlaryň hatarynda «Begler», «Ýeňiş», «Bürgütler», «Diýar», «Türgenler» ýaly toparlary bellemek bolar. Merkezde işleri sazlaşykly alyp barmakda terbiýeçi mugallymlaryň çagalar bilen dil tapyp, şadyýan wagt geçirmekleri üçin ähli tagallalar edilýär. Merkeziň uly mugallymy Mähri Myradowa terbiýeçi mugallymlara we olaryň kömekçileri bolan talyplara ýakyndan ýardamçy bolup durýar.

Tebigata söýgi – ekologiýa abadançylygy

Ýakynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ekologiýa medeniýeti — tebigatyň gözelligi» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramaklaryndaky bu maslahata mugallymlar we talyp ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Sergi guraldy

Golaýda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary» atly sergi guraldy. Ol Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp geçirildi. Sergide milliligimiziň nusgasy bolan, çaga tahýajyklary, çagalara dakylýan şaý-sepleri, ak öýüň bezegleri, çaga torbalary, çagalaryň durmuşyndan söz açýan şekilleriň nakgaşlyk eserleri, küýzeler we muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi.

Bäsleşik geçirildi

Çekeleşikli boldy Golaýda TMÝG-niň etrap geňeşiniň, welaýat sport müdirliginiň bilelikde guramagynda Mary etrap sport mekdebinde ýaş türgenleriň arasynda sportuň küşt we futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, welaýat sport mekdebiniň işgärleri, Murgap, Ýolöten, Mary etrap sport mekdepleriniň tälimçileri we türgenleri, küştçüleri gatnaşdylar.

«De­mir­ýol­çy» çagalar sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

Ça­ga­la­ryň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi ýe­tip gel­di. Biz gö­zel Gök­de­re jül­ge­sin­de ýer­leş­ýän «De­mir­ýol­çy» ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zin­de 2024-nji ýy­lyň to­mus­ky dynç alyş möw­sü­mi­ni aç­mak ba­bat­da ýo­la goý­lan taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň ne­ti­je­si dog­ru­syn­da gy­zyk­la­nyp, dynç alyş mer­ke­zi­niň di­rek­to­ry Pa­ra­hat Sa­par­gu­ly­ýew bi­len gür­rüň­deş bol­duk. Ol bu ba­ra­da şeý­le gür­rüň ber­di: — Ça­ga­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn mä­hir­li gur­şap al­mak we ola­ryň dynç alyş­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek­le­ri üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­dik. Bu iş­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ça­ga­la­ryň dur­nuk­ly bi­lim al­mak­la­ry bi­len bir ha­tar­da, ola­ryň döw­re­bap dynç al­mak­la­ry üçin äh­li şert­le­riň dö­re­dil­me­li­di­gi ba­bat­da ed­ýän ta­la­by­na la­ýyk­lyk­da ýo­la goý­duk. 

«Ker­wen» dynç al­şa ça­gyr­ýar

«Awa­za­» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da gur­lan dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän aja­ýyp dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri öz iş­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de gur­ap, dynç al­ma­ga gel­ýän­le­ri uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy al­ýar. Şo­nuň üçin hem go­ja­man Ha­za­ryň mer­jen ke­na­ryn­da dynç al­ma­ga hö­wes ed­ýän­le­riň sa­ny ýyl­ba-ýyl­dan art­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni gö­zel Awa­za görk be­rip otu­ran «Ker­wen» sa­gal­dyş mer­ke­zin­dä­ki ýo­la goý­lan ýo­ka­ry şert­ler hem do­ly tas­syk ed­ýär.  «Ker­wen» sa­gal­dyş mer­ke­zi­niň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri hem on­da luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň bo­lup, dynç al­ýan­la­ryň sag­lyk­la­ry­ny ber­kit­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­le­riň dö­re­di­len­li­gi­dir. Myh­man­ha­na­nyň iç­ki bi­na­syn­da uly ýaş­ly adam­lar we ça­ga­lar üçin ýa­pyk ho­wuz bo­lup, onuň su­wy tä­ze­le­nip we ýy­la­dyş en­jam­la­ry bi­len ýy­la­dy­lyp, aras­sa­la­nyp du­rul­ýar.

Ýaş nesil hakda alada

Ýurdumyzda ýaş nesli durmuş taýdan goldamak hem-de olarda wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegi üçin irginsiz aladalar edilýär. Howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça  haýyr-sahawat gaznasy döredildi.  Hormatly Arkadagymyzyň hut özüniň başyny başlan asylly hem sogaply işleri, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde  howandarlyga mätäç çagalar bilen  görüşmegi, ruhy we maddy goldaw bermegi olar barada edilýän aladalaryň aýdyň mysalydyr. Ýakynda Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog» kysymly gemodializ enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwrüni täsirli geçirmegi babatda hem aladalar edilýär. Olar şu döwürde Gökdere jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşen dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirerler.

Bagtyýar çagalygyň mekany

Şu gün ― 3-nji iýunda Erkin döredijilik mekanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy bilen «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. «Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň buýsanjy» diýen at bilen geçirilen duşuşyga döredijilik işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy.

Zyýaratyňyz kabul bolsun!

Şu günler Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralýan ýörite uçar gatnawlary bilen türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylýar. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň bellenilýän sahawatly günlerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan bolan watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, mukaddes Käbä tagzym we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygynda bolarlar.

Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlara ýörelge

1-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa gaznanyň wise-prezidenti, Ýaşulular geňeşiniň ýurdumyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän agzalary gatnaşdy. Mejlisiň gün tertibine haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwründe alnyp barlan işler, gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ýerine ýetirýän işleri bilen bagly möhüm meseleler girizildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda geljegimiz bolan çagalaryň bagtly durmuşyny üpjün etmek, olary hemmetaraplaýyn goldamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Pederlerimiz asyrlarboýy öz nesillerine aýratyn alada we mähir bilen garap, olara hemme gowulyklary bagyş edipdirler. Halkymyzyň bu däpleri häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri goldamak, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýu

Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaralary

Ýeňijiler sylaglandy 1-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Maslahat köşgünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Berkarar döwletiň merjen paýtagty

Merkezi Aziýanyň merjen şäheri — gözel paýtagtymyz Aşgabat eziz Diýarymyzyň günsaýyn gülläp ösýän kuwwatly döwlete öwrülendiginiň nyşanydyr. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda şol seneden bäri her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni bellenilip gelinýär. Dünýä türkmenleri üçin baş şäher hem-de milli döwletliligiň mizemez binýady bolan Aşgabat özboluşly, owadan binagärlik keşbi bilen bütin dünýäniň ünsüni çekýär. Aşgabatdaky Baş baýdak sütüni, Oguz hanyň we onuň ogullarynyň heýkelleri ýerleşdirilen suw çüwdürimler toplumy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň Oguz hanyň sekiz burçly ýyldyzy, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynda ýerleşdirilen haly gölüniň şekili, Aşgabadyň «Olimpiýa» stadionyndaky ahalteke bedewiniň şekili hem-de Olimpiýa şäherçesindäki sportuň suw görnüşleri boýunça toplumy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Milli jebisligiň nyşanlary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur paýhasy bilen amala aşyrylýan ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty halkara gatnaşyklar ulgamynda giň goldawa eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň döwletli başlangyçlarynda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de konstitusion bähbitlerini goramak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu döwlet syýasaty Türkmenistanyň goşulyşan Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň, Raýat we syýasy hukuklar hakynda halkara şertnamanyň, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda halkara şertnamanyň esasy taglymlaryny we milli ýörelgelerimizi özünde jemlän Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Mundan 30 ýyl öň döwletimiz üçin ýatdan çykmajak sene, ýagny Türkmenistanyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyz kabul edildi. Bu resminamada halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, Türkmenistanyň goşulyşan konwensiýalary, baglaşan şertnamalary, galyberse-de, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz orun alýar. Şu nukdaýnazardan hem Esasy Kanunymyz döwletimiziň mizemez hukuk binýady, geljekki ösüşlerimiziň özeni bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen adalatlylyk, deňhukuklylyk, adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny sarpalaýan milli ýörelgelerimiz raýat je

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Baýramçylyk sowgady Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Magtymguly etrabynda Magtymguly Pyragynyň dogduk mekanynda «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkezi açylyp, ulanylmaga berildi. Baýramçylyk lybasyna beslenen döwrebap toplumyň çäginde medeniýet we sungat işgärleriniň we çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň aýdym-sazlary, joşgunly tanslary ýerine ýetirmegi dabaranyň şatlygyny has-da artdyrdy.

Gökdere — sapaly mekan

Öňňin — 2-nji iýunda Diýarymyzyň ähli künjeklerindäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri mekdep okuwçylaryna gapylaryny giňden açdy. Tomsuň ilkinji günlerinde mekdep okuwçylaryny çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugratmak dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi. Paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde hem mekdep okuwçylaryny salkyn saýaly Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugratmak dabarasy geçirildi. Bu ýerde şatlykly wakanyň şanyna aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Ýaş nesliň çykyşlarynda güneşli Watanymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, asuda durmuşymyzyň, bagtyýar çagalygyň waspy ýetirildi.