Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

3 Iýun 2024
331

Baýramçylyk sowgady

Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Magtymguly etrabynda Magtymguly Pyragynyň dogduk mekanynda «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkezi açylyp, ulanylmaga berildi. Baýramçylyk lybasyna beslenen döwrebap toplumyň çäginde medeniýet we sungat işgärleriniň we çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň aýdym-sazlary, joşgunly tanslary ýerine ýetirmegi dabaranyň şatlygyny has-da artdyrdy.