Zyýaratyňyz kabul bolsun!

4 Iýun 2024
281

Şu günler Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralýan ýörite uçar gatnawlary bilen türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylýar.

Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň bellenilýän sahawatly günlerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan bolan watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, mukaddes Käbä tagzym we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin, Saud Arabystany Patyşalygynda bolarlar.

(Ýörite habarçymyz).