Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi ýetip geldi. Biz gözel Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde 2024-nji ýylyň tomusky dynç alyş möwsümini açmak babatda ýola goýlan taýýarlyk işleriniň netijesi dogrusynda gyzyklanyp, dynç alyş merkeziniň direktory Parahat Sapargulyýew bilen gürrüňdeş bolduk. Ol bu barada şeýle gürrüň berdi:
— Çagalary hemmetaraplaýyn mähirli gurşap almak we olaryň dynç alyşlaryny ýokary derejede geçirmekleri üçin ähli şertleri döretdik. Bu işleri hormatly Prezidentimiziň çagalaryň durnukly bilim almaklary bilen bir hatarda, olaryň döwrebap dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilmelidigi babatda edýän talabyna laýyklykda ýola goýduk.