Çagalaryň dynç alşy şatlyga beslenýär

4 Iýun 2024
1033

Gökderede dynç alýan çagalaryň her bir gününi uly ruhubelentlige beslemek maksady bilen bu ýerdäki merkezlerde ýörite meýilnamalar taýýarlanyldy. Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň terbiýeçi mugallymlary hem öz işlerini meýilnama laýyklykda guraýarlar. Merkezde 300-den gowrak çaga dynç almaga amatly şertler bar. Bu ýerde dört bina, daşky howuz, kinozal, amfiteatr bolup, ol ýerde çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Çagalaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin basketbol, woleýbol, tennis meýdançalary hem bar. Bu ýerde kompýuter, surat, sport gurnaklary hem hereket edýär. Kitaphana otagy hem çagalar üçin niýetlenendir.

Bu merkezde çagalaryň ýaş aýratynlyklary boýunça 10 sany topar döredildi. Ol toparlaryň hatarynda «Begler», «Ýeňiş», «Bürgütler», «Diýar», «Türgenler» ýaly toparlary bellemek bolar. Merkezde işleri sazlaşykly alyp barmakda terbiýeçi mugallymlaryň çagalar bilen dil tapyp, şadyýan wagt geçirmekleri üçin ähli tagallalar edilýär. Merkeziň uly mugallymy Mähri Myradowa terbiýeçi mugallymlara we olaryň kömekçileri bolan talyplara ýakyndan ýardamçy bolup durýar.

Ýörite habarçymyz.