"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Söwda nokatlarynda ýangyn howpsuzlygy

Ýakynda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Baýramaly etrabynyň ÝHB-niň döwlet ýangyn gözegçiliginiň uly gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty Baýram AMANOW bilen duşuşyp, söwda nokatlarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ähli söwda nokatlarynyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreleri ýatlatmagy maksat edindi.

Bagtyýarlyk we sagdynlyk

1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň uly mejlisler zalynda «Bagtyýarlyk sagdyn nesilden başlanýar» atly amaly maslahat geçirildi. Oňa «akylly» şäherde zähmet çekýän saglygy goraýyş işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Körpeleriň sagdynlygy — baş aladamyz

Güneşli diýarymyzda körpe nesil aýratyn üns we alada bilen gurşalýar. Munuň şeýledigine mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan işler anyk şaýatlyk edýär. Çagalar baglarynda körpelere döwrebap sowat öwredilýär, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, sagdyn ösmegi babatda buýsanja mynasyp işler alnyp barylýar. Tomus möwsüminiň gelip ýetmegi bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen geçirilýän taplama, göwünaçma we oýun çäreleriniň sany artýar. Şonuň bilen baglylykda, biziň çagalar baglarymyzda hem tomus sagaldyş möwsümine ykjam taýýarlykly gelindi. Tomusky taplama çäreleri guramak üçin toparyň meýdançalarynda çägedanlary çägeden doldurmak we reňklemek, taplama degişli çagalar üçin enjamlary ýerbe-ýer etmek, düşekçeleri taýýarlamak, egin-eşikler, süpürgiçler taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Döwlet synaglary dowam edýär

Üstümizdäki şanly ýylda orta mekdepleri tamamlan uçurym ýaşlar şu günler gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrýarlar. Ýeri gelende, 2023-2024-nji okuw ýylynda Gökdepe etraby boýunça bagtyýar ýaşlaryň 1 müň 830-synyň mekdep uçurymy bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Häzirki döwlet synaglary olaryň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýedir. 11-nji synpy tamamlan ýaşlar 1-nji iýunda türkmen dili we edebiýaty dersinden ilkinji döwlet synagyny üstünlikli tabşyrdylar. Bilim ojaklarynda döredilen giň şertler we mümkinçilikler synaglaryň guramaçylyk derejesine oňyn täsirini ýetirdi. Bagtyýar ýaşlar beýleki degişli dersler boýunça döwlet synaglaryny hem tabşyrýarlar. Bu synaglar olaryň ak mekdeplerde alan bilimlerini näderejede özleşdirendigini, şeýle-de zehin-başarnyklaryny ýüze çykarýar.

Buýsançly döwrümiz bar

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly Watanymyzyň täze taryhyna şöhratly sahypalar bilen ýazyljak şanly wakalara baýdyr. Her bir günümiziň ykbal özgerdiji ösüşlerdir özgertmelere, ajaýyp üstünliklere beslenmegi hem şeýle diýmäge esas berýär. Ýurdumyzyň ösüşleri ildeşlerimiziň her biriniň watançylyk ruhuny belende göterip, päk we döredijilikli zähmete höwesini artdyrýar. Şeýle bolansoň, Watanymyzyň ähli ugurlarynda zähmet gadamlary barha batlanýar. Biz—jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bolup geçýän ösüşleri we özgertmeleri, taryhy wakalaryň ähmiýetini ildeşlerimize baý many-mazmuny bilen düşündirmekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Şu günler etrabymyzyň çäginde guraýan duşuşyklarymyzyň barşynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleri, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň we döwletimiziň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli, asylly işleriniň maksatlaryny hem-de wezipelerini ildeşlerimize düşündirýäris, wagyz edýäris. Galyberse-de, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni göterýändigi bilen bagly täsirli çäreleri, şanly seneler mynasybetli

e.gov.tm portalynda Türkmenistanyň raýatlary üçin peýdaly bolan zerur maglumatlar bar

Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portaly raýatlara dürli resminamalary düzetmek we kepilnamalary almak üçin zerur bolan mümkinçiligi hödürleýär. Portalda Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny, çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasyny hem-de beýleki möhüm resminamalary almak üçin anyk gözükdirmeleri tapmak bolýar. Maglumatlar ulanyjylaryň döwlet edaralaryndan zerur bolan maglumatlary tiz tapmagyny göz öňüne tutup düzülendir.

Олег Кононенко стал первым в истории, кто провёл в космосе 1000 суток

5 июня 2024 года общее время пребывания в орбитальных полетах российского космонавта Олега Кононенко достигло 1 тысячи суток. Это новый рекорд в истории пилотируемой космонавтики. В настоящее время Кононенко находится на Международной космической станции (МКС) и совершает свой пятый полет в космос. «Сегодня в 00:00:20 по московскому времени космонавт Госкорпорации «Роскосмос» Олег Кононенко, работающий на Международной космической станции, впервые в мире набрал 1000 суток по суммарной длительности космических полетов», – говорится в сообщении Роскосмоса.

«Ertekiler dünýäsi» — dynç alşyň arzyly mekany

Çagalyk — ähli ynsanlary birleşdirýän bir bitewi düşünje. Şonuň üçinem bu ajaýyp döwrüň özboluşly duýgularyny bagyş edýän menzil-mekanlar ähli ýaşdaky, kärdäki adamlaryň aýratyn höwes bilen barýan ýeri bolmagynda galýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomusky dynç alyş möwsümine paýtagtymyzyň seýilgähleridir medeni we söwda dynç alyş merkezleri-de ýokary taýýarlykly geldiler. Hususan-da, möwsümde merjen şäherimiziň merkezinde ýerleşýän, tapgyr-tapgyr nesliň çagalygyny ýada salyp duran «Ertekiler dünýäsi» täze hem ýokary hilli hyzmatlary bilen gapylaryny giňden açdy. Biziň ünsümiz Türkmenistanyň milli «Disneyland»-y hasaplanýan şol mesgeniň özboluşly dünýäsinde eglendi. Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyna golaý ýerleşýän 35 gektarlyk medeni-dynç alyş merkezinde açyk howadaky we içerdäki oýun attraksion düzümleri, köli, welosiped meýdançalary, seýilgäh zolaklary bolan köpugurly toplum hereket edýär. Merkeziň esasy girelgesi gadymy Gündogaryň gümmezli şäher derwezelerine çalymdaş bolup, göýä diýersiň, şol «Jadyly älemiň» başlangyjy ýaly garşy alýar. Onuň demirgazyk tarapyndan barsaň, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gadymy şäherleriň binagärlik nyşanlary hasa

Ýaş nesliň kämil terbiýesi ugrunda

Nesil aladasy mukaddesdir

Nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek dogrusyndaky alada halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyjy bilen, 2021-nji ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi, öz gazanjyndan ilkinji bolup bu gazna serişde goýmagy ýaş nesliň saglygy, sahawatly işleriň kök-pudak ýaýradyp, jemgyýetiň ýürek urgusyna öwrülmegi ugrunda alnyp barylýan abyrsyz işleriň bir bölegini görkezýär. Ösüp gelýän nesliň sagdynlygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge goşant goşmak jemgyýetçilik işiniň möhüm bölegine öwrülip, döwlet tarapyndan goldaw berlende, bu ugurda nähili üstünlik gazanylýandygyny bu gaznanyň mysalynda görmek bolýar. Bu gazna Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara laýyklykda döredilen, degişli guramaçylyk, hukuk aýratynlyklaryna eýe bolan dünýäde şeýle derejeli ilkinji gaznadyr. Bu haýyr-sahawat gaznasynyň işi barha giň gerime eýe bolýar. BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge we olaryň ýa

Şanly ýyla gymmatly sowgat

Düýn Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Welaýat häkimligi tarapyndan guralan dabara welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler, köp sanly ýaşlar gatnaşdy. Medeniýet ojagynyň eýwanynda welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan kitap sergisi bilen tanyşmakdan başlanan dabara täsirli çykyşlar bilen dowam etdi. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanýan ýylynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy, şanly ýylymyzda beýik akyldaryň edebi mirasyna bagyşlanan giň gerimli çäreleriň geçirilmegi halkymyzda buýsanç duýgusyny döredýändigi barada söz açdylar.

Çaga — durmuşyň güli

Ösen jemgyýetimizde, agzybir maşgalalarda, döwrebap mekdeplerdir çagalar baglarynda hem-de saglyk ulgamynda özara sazlaşykly, aýdyň maksatly işler alnyp barylýar. Bu hakykat Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Ahal welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda, Ak bugdaý etrap hassahanasynda «Arkadagyň sahawaty — sagdyn nesliň dowamaty» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahatda hem aýdyň şöhlelendi. Çagalar baýramçylygyna bagyşlanyp, tomsuň ilkinji gününde geçirilen bu maslahat bagtyýar balalaryň keýpiçag gülküleri, şadyýan aýdym-sazlary hem-de dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň täsirli çykyşlary bilen dowam etdi. Dabarada Ahal welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş çaga lukmany Ogulsuraý Ýazdurdyýewanyň, Ak bugdaý etrap hassahanasynyň Gämi şahamçasynyň müdiri Nurmuhammet Otuzowyň eden çykyşylary has-da täsirli boldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän belent sepgitler, sagdyn durmuşy kemala getirmek, ruhubelent, berk bedenli, hemmetaraplaýyn sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky işler, durmuşa geçirilýän özgertmeler we gazanylýan netije

Bagtyýar nesliň alkyş kelamy

Bagtyýarlygyň mekany bolan güneşli Diýarymyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijiler sylaglandy. Iki tapgyrda geçen döredijilik bäsleşigine surat çekmegi halaýan zehinli çagalaryň müňden gowragy surat eserleri bilen gatnaşdy. Ýaş suratkeşler bäsleşige hödürlän eserlerinde çagalygyň bagtyýar, şadyýan dünýäsini, ata Watanymyza bolan söýgüsini, ýurdumyzyň tebigy gözelliklerini, halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýan milli gymmatlyklarymyzy, agzybir ilimiziň toý-baýramlarynyň asylly däp-dessurlaryny ussatlyk bilen suratlandyrmagy başardyrlar. Döredijilik bäsleşigine welaýatymyzdan hem zehinli ýaş suratkeşler gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Biz hem öz gezegimizde zehinli çagalary gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik:

Biz — bagtyýar çagalar

Şeýle at bilen Gökdepe etrabynyň «Gala» medeni-dynç alyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara geçirildi. Ony etrap häkimligi, Maýyplary goldamak merkezi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň etrap bölümi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Baýramçylyk dabarasy çagalara egsilmez şatlyk eçildi. Naz-nygmatly toý suprasynyň başyna jem bolan bagtyýar çagalar aýdym-sazly çykyşlary şowhunly garşyladylar. Ýaşajyk aýdymçylar, çagalar döredijilik toparlary sungat çykyşlarynda güneşli Diýarymyzyň, bagtyýar çagalygyň waspyny uly joşgun bilen ýetirdiler.

Welosipedli ýörişiň ruhubelentligi

Ýurdumyzda giňden bellenilen Bütindünýä welosiped gününiň çäginde welaýatymyzda ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we medeni çäreler giň gerime eýe boldy. Şanly senä bagyşlanan çäreler welosipedli ýörişden başlandy. Welaýat derejesindäki esasy köpçülikleýin welosipedli ýöriş Änew şäheriniň çäginde geçirildi. Oňa gatnaşmaga höwes edenler günüň ir säherinde paýtagtymyzyň halkalaýyn aýlaw ýolunyň welaýat merkezinden geçýän ýerine ýygnandylar. Bu ýerde toý ruhy, şatlyk-şagalaň höküm sürdi. Kalby joşgunly bagtyýar ildeşlerimiz aýdym-sazly çykyşlary, sporty we sagdyn durmuşy wagyz edýän tomaşalary synlanlaryndan soňra, welosipedli ýörişe başlap, Änew şäherine sary ýola düşdüler.

Gyz ýüreginiň sedasy

Wagt bize durmuşyň çak edişimizden has çylşyrymlydygyny görkezýär. Maşgalada gyz edebi hakyndaky öwüt-ündewlerden gulagymyz ganyp ulalýan-da bolsak, hökmürowan wagtyň geçmegi bilen henizler hem öwrenmeli zatlarymyzyň kändigine düşünýäris. Hut şonuň üçin hem gyzlyk dünýäsi, gyzyň syr sandygyna öwrülýän ýüregi hakyndaky oý-pikirlerimi ak kagyza geçirip, ony okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildim. Soňky günler nämüçindir öz-özüm bilen söhbetdeş bolmagy halaýaryn. Syr alyp, syr bermäge aýal doganlarymdyr joralarymyň bardygyna garamazdan, özüm bilen sowal-jogap alyşsam edýän pikirlerimi çekinmezden akyl terezisi bilen ölçäp bilýärin. Has dogrusy, göwnüm bilen geňeşýärin. Okamagy halaýandygym üçin döwrümiziň ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinde adamyň ýüreginiň akyly bilen sazlaşykly işlemeýändigi, akyl bilen ýüregiň ylalaşyp bilmeýändigi hakyndaky ýazylanlara kän gabat gelýärdim. Men munuň hakykatdan hem şeýledigine soň düşünip galdym. Ýazyjy-şahyrlar söýginiň hökmürowandygy, ýüregiňe erk edýändigi, onuň akyla gulak asmaýandygy hakynda ýazsalar ozallar bu pikir bilen ylalaşyp bilmeýärdim. Emma, söýgi hakykatdan hem ýüregiň erkini eliňden almaga dalaş edýän eken.

Salam, tomus!

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň wagtyny gyzykly, şadyýan, peýdaly geçirmegini we saglygyny berkitmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly tabşyryklaryndan ugur alnyp, Ahal welaýatynda degişli taýýarlyk işleri ýerine ýetirildi hem-de welaýat häkimliginiň garamagyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri tomsuň ilkinji günlerinden bagtyýar nesliň wekillerine gapylaryny giňden açdy. Mekdep okuwçylaryny çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugradyş dabaralary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Änew şäheriniň «Buýsanç» çagalar medeni-dynç alyş seýilgähiniň hem-de Kaka etrabynyň Medeniýet öýleriniň öňündäki meýdançalarda ýaýbaňlandyrylan dabaralar mekdep okuwçylaryny degişlilikde Gökderedäki «Bagtyýar nesiller», Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerine ugratmagynyň şanyna geçirildi. Çagalara egsilmez şatlyk paýlan dabaralarda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde bu gün ýurdumyzyň ýaş nesliniň eşretli durmuşyň hözirini görüp, bagtyýarlykda ýaşaýandygy, olaryň tomusky dynç alyş möwsümlerinde wagtyny şadyýanlykda, manyly geçirmekleri, saglygyny berkitmekleri ugrunda uly şertlerdir mümkinçilikleriň döredilýändigi barada guwanç bilen bellä

Saglyk — baş baýlyk

Ýakynda Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň, beýleki edara-kärhanalaryň işgärleriniň gatnaşmagynda keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini ündemek maksady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrabyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy bilelikde gurady. Maslahatda ýurdumyzda ynsan saglygy ugrunda edilýän aladalar dogrusynda söz açylyp, iýmit zäherlenmesiniň öňüni almak bilen bagly gürrüňe aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, ilatymyzy dürli ter gök we beýleki azyk önümleri bilen üpjün etmekde uly tagallalar edilýär. Şeýle-de bolsa, dürli önümlerden iýmit zäherlenmesiniň ýüze çykýan halatlaryna duş gelinýär. Iýmit zäherlenmesiniň adam saglygy üçin iň howplusy botulizm keselidir. Botulizm keseliniň öňüni almakda iýmit önümlerini talabalaýyk saklamak, gök önümleri öý şertlerinde gaplananda taýýarlanyş usullaryny doly we dogry berjaý etmek esasy talaplaryň biri bolup durýar.

Düýe etinden taýýarlanýan tagamlar

Düýe eti arzan we ýokumly azyk önümidir. Biziň ýurdumyzda düýe etini öndürmek we azyk önümçiliginde ulanmak giňden ýaýrap, ol goýun ýa-da sygyr etinden kem saýylmaýar. Ýaş, gurat düýeleriň eti hili boýunça sygryňkydan pes däldir. Düýe etiniň energiýa ýokumlylygy olaryň semizlik derejesine bagly bolýar. Düýeler örküçlerinde 100 — 150 kilograma çenli ýag ýygnamaga ukyply hasaplanylýar. Olary ete soýmak üçin iň oňaýly wagt 2 ýaş 8 aý hasaplanylýar. Şonda olaryň diri agramy 520 kilograma çenli, läşiniň arassa çykymy 60 — 63 göterime ýetýär. Banda (Hausa) — bu tagamy taýýarlamakda düýe etini bölekläp, güneşde guradyp, soňra açyk ýanýan oduň üstünde tüsse bilen kakadýarlar.

Düzgünleri berjaý edeliň!

Dowardarçylygyň esasy ot-iým binýady öri meýdanlarydyr. Öri meýdanlarynyň ösümlik dünýäsi dürli görnüşli bolup, olaryň käbir görnüşi ir ýetişip, tomusda gurap başlaýar we howanyň gyzyp başlamagy bilen, öri meýdanlarynda ýangyn döremek howpy ýüze çykýar. Öri meýdanlarynda ot ýakylmazdan öň, on bäş metr daş-töweregi guran ot-çöplerden topraga çenli arassalamaly, soňra ýarym metr çuňlukda gazylan oý ýer taýýarlanyp, oduň daş-töwerege ýaýramazlygyna göz ýetirilenden soň, howanyň şemalsyz wagty ot ýakmaga rugsat berilýär. Ot ýakylyp bolnandan soň, oňa suw sepip ýa-da üstüne gum sürüp, ody doly söndürmeli. Otdan uçgunyň çykmaýandygyna doly göz ýetirip, düşelge ýerinden gitmek bolar. Awtoulaglaryň sürüjileri öri meýdanlarda awtoulag sürenlerinde, onuň tüsseçykaryndan uçgunyň guran ot-çöplere düşmegi bilen ýangynyň döremeginiň ähtimaldygyny ýatdan çykarmaly däldirler. Şonuň üçin öri meýdanlaryna gidýän awtoulaglary ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleridir enjamlar bilen üpjün etmeli.