Biz — bagtyýar çagalar

4 Iýun 2024
472

Şeýle at bilen Gökdepe etrabynyň «Gala» medeni-dynç alyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara geçirildi. Ony etrap häkimligi, Maýyplary goldamak merkezi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň etrap bölümi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.

Baýramçylyk dabarasy çagalara egsilmez şatlyk eçildi. Naz-nygmatly toý suprasynyň başyna jem bolan bagtyýar çagalar aýdym-sazly çykyşlary şowhunly garşyladylar. Ýaşajyk aýdymçylar, çagalar döredijilik toparlary sungat çykyşlarynda güneşli Diýarymyzyň, bagtyýar çagalygyň waspyny uly joşgun bilen ýetirdiler.

Amangül ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.