Gyz ýüreginiň sedasy

4 Iýun 2024
517

Wagt bize durmuşyň çak edişimizden has çylşyrymlydygyny görkezýär. Maşgalada gyz edebi hakyndaky öwüt-ündewlerden gulagymyz ganyp ulalýan-da bolsak, hökmürowan wagtyň geçmegi bilen henizler hem öwrenmeli zatlarymyzyň kändigine düşünýäris. Hut şonuň üçin hem gyzlyk dünýäsi, gyzyň syr sandygyna öwrülýän ýüregi hakyndaky oý-pikirlerimi ak kagyza geçirip, ony okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildim.

Soňky günler nämüçindir öz-özüm bilen söhbetdeş bolmagy halaýaryn. Syr alyp, syr bermäge aýal doganlarymdyr joralarymyň bardygyna garamazdan, özüm bilen sowal-jogap alyşsam edýän pikirlerimi çekinmezden akyl terezisi bilen ölçäp bilýärin. Has dogrusy, göwnüm bilen geňeşýärin. Okamagy halaýandygym üçin döwrümiziň ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinde adamyň ýüreginiň akyly bilen sazlaşykly işlemeýändigi, akyl bilen ýüregiň ylalaşyp bilmeýändigi hakyndaky ýazylanlara kän gabat gelýärdim. Men munuň hakykatdan hem şeýledigine soň düşünip galdym. Ýazyjy-şahyrlar söýginiň hökmürowandygy, ýüregiňe erk edýändigi, onuň akyla gulak asmaýandygy hakynda ýazsalar ozallar bu pikir bilen ylalaşyp bilmeýärdim. Emma, söýgi hakykatdan hem ýüregiň erkini eliňden almaga dalaş edýän eken.

Näzik ÝOLLYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.