Nesil aladasy mukaddesdir

4 Iýun 2024
368

Nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek dogrusyndaky alada halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyjy bilen, 2021-nji ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi, öz gazanjyndan ilkinji bolup bu gazna serişde goýmagy ýaş nesliň saglygy, sahawatly işleriň kök-pudak ýaýradyp, jemgyýetiň ýürek urgusyna öwrülmegi ugrunda alnyp barylýan abyrsyz işleriň bir bölegini görkezýär. Ösüp gelýän nesliň sagdynlygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge goşant goşmak jemgyýetçilik işiniň möhüm bölegine öwrülip, döwlet tarapyndan goldaw berlende, bu ugurda nähili üstünlik gazanylýandygyny bu gaznanyň mysalynda görmek bolýar. Bu gazna Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara laýyklykda döredilen, degişli guramaçylyk, hukuk aýratynlyklaryna eýe bolan dünýäde şeýle derejeli ilkinji gaznadyr. Bu haýyr-sahawat gaznasynyň işi barha giň gerime eýe bolýar. BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny berkitmäge goşant goşandygy üçin degişli sertifikat bilen sylaglanandygy bu işleriň ähmiýetine şaýatlyk edýär.

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirmegi sahawatly ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny görkezýär. Bu iş maslahatynyň Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda geçirilmegi özýboluşly ähmiýete eýedir. Bu halkara baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde howandarlyga mätäç, näsag çagalara nobatdaky gezek jemgyýetiň ünsüniň çekilmegi biziň ýurdumyzda her bir çaganyň uly üns bilen gurşalýandygynyň anyk görkezijisidir.