Söwda nokatlarynda ýangyn howpsuzlygy

5 Iýun 2024
197

Ýakynda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Baýramaly etrabynyň ÝHB-niň döwlet ýangyn gözegçiliginiň uly gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty Baýram AMANOW bilen duşuşyp, söwda nokatlarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

— “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ähli söwda nokatlarynyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreleri ýatlatmagy maksat edindi.