"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Ýazky ekişe taýýarlyk

Gyş pasly sahawatly topragyň kadaly dynç alýan hem-de günsaýyn gurplanýan wagtydyr. Golaýda ýagan gar Daşoguz welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna ak düşek ýazdy. Munuň özi bereket-bolçulykdan nyşandyr. Möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli geçirmek, ýazky ekişe talabalaýyk taýýarlyk görmek babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça möhüm agrotehniki işler alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýat boýunça 140 müň gektar meýdanda gowaça ekişini bellenilen möhletlerde geçirip, 265 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Dok we ýyly gyşladylýar

Lebap welaýatynyň maldarlary şu günler Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda dowarlary gyşlatmak işini göwnejaý alyp barýarlar. Welaýatyň «Türkmenmallary» önümçilik birleşigine degişli bolan bäş sany maldarçylyk hojalygynda dowarlaryň 166 müň 300-den, düýeleriň 2 müň 300-den gowragy gyşladylýar. Gyş — maldara synag döwri. Şu synagdan geçip bilseň, göwün diýen önümiňi alýarsyň. — Çöle çopan bolmak üçin gelýänler köp, ýöne olaryň hemmesinden çopan çykanok. Çopan bolmak üçin örän düşbi, ugurtapyjy, malyň sesinden onuň ýagdaýyny bilýän, ýadaman-ýaltanman ylgap ýören kişiler gerek. Men-ä halypa hökmünde öz ýanyma alýan şägirtlerimden, ilki bilen, şu häsiýetleri talap edýärin — diýip, Saýat etrabynyň «Jeýhun» maldarçylyk hojalygynyň çopany Öwezmyrat Jumadurdyýew aýdýar. Köýtendag etrabynyň «Köýtendag» maldarçylyk hojalygynyň tejribeli halypa çopany Gahryman Azylow bolsa: «Ata-babalarymyz mala höwesli ýaşlary ýaşlygyndan terbiýeläpdirler. Diýmek, geljekki çopany ýaşlygyndan taplamaly, oňa çopançylygyň ähli tilsimlerini öwretmeli» diýip, biziň gürrüňimize goşuldy. Bu çopanlaryň biri malyny Garagumda baksa, beýlekisi Köýtendagyň eteklerinde, baýyrlyklarda bakýar. Ikisiniň-de özlerine ýetik tejribeleri bar. Şondan hem

Atajan ussanyň bagy

Sarahs etrabynyň Alam obasynyň deňinden geçeniňde gür baglyga gözüň düşýär. Şonda obanyň zähmetsöýer adamlarynyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky asylly işlere işjeň gatnaşýandyklaryna göz ýetirýärsiň. Gürrüňi edilýän obanyň ýaşaýjylary bilen gürrüňdeş bolanyňda, Atajan bagbanyň adyna öwgüli we alkyşly sözlerini aýdýarlar. «Adam eli gyzyl gül» diýleni. Ata-babasynyň kesp-kärine gol beren Atajan uzak ýyllaryň dowamynda ussaçylyk käri bilen meşgul bolýar. Ol halypa ussalardan bu käriň inçe syrlaryny irginsizlik bilen öwrenip, yhlasly çeken zähmetiniň netijesinde baý tejribe toplaýar. Onuň obadaşlarynyň arasynda «Atajan ussa» ady bilen tanalmagy hem ýönelige däl.

Göwnejaý sürüm — bereketli hasyl

Hasyl tohuma-da baglydyr welin, topragyň ekiş möwsümine taýýarlygyna-da has bagly. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň gündogar sebitiniň oba hojalykçylary ýerleri ýazky ekişe taýýarlamak maksady bilen, sürüm işlerini ýokary derejede geçirýärler. Ýylyň bütin dowamynda daýhanlar bilen sazlaşykda işleýän welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary sürüme işjeňlik bilen gatnaşýarlar. Welaýatda sürüm üçin kuwwatly tehnikalaryň 432-sini ulanmaga mümkinçilik bar. Häzirki günlerde şolaryň 245-si meýdanlarda işledilýär.

Maldarlaryň gyş aladalary

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýleni. Gyş möwsüminde howa çalt-çaltdan üýtgäp durýar. Hatda käbir ýyllarda howa örän sowuk, ygally gelip, maldarlaryň öňünde kynçylyklary döredýär. Maldarlaryň jogapkärçiligi artýar. Şol kynçylyklaryň aradan aýrylmagy üçin etrabyň edermen maldarlary gyş döwrüne tomus paslyndan başlap, ýeterlik ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny döretdiler. Şu günler etrabyň dowarlaryny gyşlatmak Merkezi Garagumuň gyş döwründe amatly bolan ýaýlalarda geçirilýär. Mallar üçin oňaýly örüleriň saýlanyp alynmagy, daýhan birleşikleri tarapyndan çarwalaryň hal-ýagdaýlary bilen günde-günaşa gyzyklanylyp durulmagy mallaryň oňat hilli gyşlamagyna uly ýardam berýär. Dowarlary göwnejaý, zootehnikanyň talaplaryna laýyk saklamakda, iýmitlendirmekde we gyşlatmakda etrabymyzyň S.A.Nyýazow, Şaja Batyrow adyndaky hem-de «Mürçe», «Garaşsyzlyk» daýhan birleşikleriniň maldarlary görelde alarlyk zähmet işjeňligini görkezýärler.

Ykbal bize gülüp bakdy

Muhammetmyrat ATAÝEW,Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň kärendeçi çopany: — Ynsan balasynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlar, günler az bolanok. Şeýle begençli, guwançly günleri ençeme gezek başymdan geçirdim. Ýaňy-ýakynda durmuşymyzda bolup geçen, ýatdan çykmajak bagtly pursatyň welin, hakydamda ömürlik orun tutjakdygyny buýsanç bilen aýdyp bilerin. Çünki Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ilkinji aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurt çäginde ilkinji iş saparyny Mary welaýatynda amala aşyrmagy Murgap jülgesiniň ýaşaýjylaryny, zähmetkeşlerini diýseň begendirdi. Biziň maşgalamyza bolsa goşa şatlyk, ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary getirdi. Kalbymyzy guwançdan, serimizi buýsançdan doldurdy. Çünki Garagumuň jümmüşine — biziň dowar bakyp ýören ýerimize Gahryman Arkadagymyz dikuçar bilen gelip, biziň bilen didarlaşdy, hal-ahwal soraşdy. Ýaşaýyş-durmuş şertlerimiz, gün-güzeranymyz bilen gyzyklandy. Belent mertebeli myhmanymyz çopan çalmarynda oturyp, köp zatlary gürrüň berdi. Milli Liderimiz maldarçylyk, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, işlemegi barasynda döwlet derejesinde edilýän aladalar hakynda

Topragy gowaça ekişine taýýarlamagyň döwrebap usullary

Topragy gowaça ekişine taýýarlamak işleri şol meýdanda öň ösdürilip ýetişdirilen ekine baglylykda ýerine ýetirilýär. Pagta hasyly ýyglan meýdanlarda gowaça çöpüni traktora asylýan ýörite gural bilen 10 — 15 santimetr çuňlukda köküni çapyp, meýdandan çykarmaly ýa-da gowaça çöpüni kerçeýji gural bilen maýdalap, ýere ýaýratmaly. Bu ýagdaý gowaça meýdanlaryny belli bir derejede organiki çüýrüntgiler bilen baýlaşdyrýar. Ekin meýdanlarynda topragyň esasy bejergisiniň hilini gowulandyrmakda sürümden öň berlen suwuň uly ähmiýeti bar. Bu suw meýdanlarda gowaça çöpi çapylmazdan öň, köne keşler boýunça her gektara 600 kubmetr kadada berilýär. Sürümden öňki suwaryş işleri ýerasty suwlaryň golaý ýerlerinde geçirilmeýär.

Gün energiýasynyň oba hojalygyndaky orny

Häzirki döwürde tebigy baýlyklarymyzy geljekki nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, ekologiýa taýdan arassa önüm bolan energiýanyň alternatiw, adaty däl, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinde yzygiderli ylmy-barlag işleri geçirilip, bu ugurda uly açyşlar edilýär. Gün energiýasy dünýäde iň amatly we ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmeleriniň biridir. Ol soňky ýyllarda oba hojalygy ulgamynda giňden peýdalanylyp başlandy. Bu ulgamda Gün energiýasynyň ulanylmagy ykdysady, daşky gurşaw we sosial meseleleri çözmäge mümkinçilik berýär. Oba hojalygynda Gün energiýasyny ulanmagyň ilkinji we ähtimal iň möhüm tarapy, energiýa çykdajylaryny tygşytlamak ukybydyr. Gün panelleri elektrik nasoslary, suwaryş, yşyklandyryş we beýleki ýagdaýlar üçin ulanylyp bilner. Bu adaty energiýa çeşmelerine baglylygy, energiýa çykdajylaryny azaldýar.

Taýýarlyk işleri ýaýbaňlanýar

Armalary ýetirildi Şu günler welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Türkmengala etrabynda hem gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşigi sürüm, tekizleşik işlerini geçirmekde öňdäki hojalyklaryň hatarynda tanalýar.

Ösüşlerde mynasyp paýlary bar

2023-nji ýylda türk pissesi 96 ýurda iberildi

Türkiye pisse öndürmekde we eksport etmekde uly kuwwata eýedir. Bu ýurtda pisse, esasan, Şanlyurfa we Gaziantep welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Günorta-gündogar Anadoly eksportçylar birleşiginiň habaryna görä, ýurtda 2022-nji ýylda 179,695 million dollarlyk pisse eksport edildi. Geçen ýyl 96 ýurda, şol sanda Germaniýa, Italiýa, Yrak, Gyrgyzystan, Hytaý, Täjigistan, Angliýa, Albaniýa, Katar, Hindistan, Türkmenistan, Şweýsariýa, Ispaniýa, Polşa, Malta, Gana, Ýaponiýa, Kuba we Rumyniýa ýaly ýurtlara eksport edildi. «BazaarTimes»-iň habaryna görä, Türkiýe pisse eksportyndan geçen ýyl 151,57 million dollar girdeji gazanypdyr. Pissäniň köpüsi Germaniýa eksport edildi. 2023-nji ýylda Türkiýe Germaniýa, takmynan, 36 million dollarlyk pisse eksport etdi. Soňra 22,46 million dollarlyk möçberinde Italiýa, 12,62 million dollar möçberinde hem Yraga eksport edilipdir.

2023-nji ýylda Moldowa miweleriň eksportyny 82 göterim ýokarlandyrdy

2023-nji ýylda Moldowadan erigiň, üljäniň, alçanyň we şetdalynyň eksporty 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 82 göterim ýokarlandy. Bu maglumaty wise-premýer, ykdysady ösüş we sanlylaşdyrma ministri Dumitru Alaýba MOLDPRES-de beýan etdi. Onuň sözlerine görä, bu miweleriň eksporty 81 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Eksportyň 61 göterimi Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara iberildi. Moldowanyň miweleriniň esasy bazarlary Rumyniýa (16 göterim), Polşa (12 göterim), Germaniýa (10 göterim), Latwiýa (4 göterim) we Gollandiýa (3 göterim).

Maldarçylyk — oba hojalygyň wajyp ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maldarçylyk oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşýän Murgap etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna baryp, çopan bilen hal-ahwal soraşmagy, olaryň alyp barýan işleri, dowarlaryň ýagdaýy bilen gyzyklanmagy maldarçylyga döwlet derejesinde üns berilýändigini aýdyň şöhlelendirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda maldarçylygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam etdirilmegi hem meýilleşdirilýär. Şonuň bilen birlikde, Milli maksatnamada mallaryň we guşlaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, maldarçylygyň ot-iým binýadyny gowulandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmak bellenilýär. Hususan-da, maldarçylyk toplumlary ot-iýmleri gaýtadan işlemek üçin enjamlar bilen üpjünçiligine ýardam edilmegi, ekerançylykda gowaça-ýorunja ekin dolanyşygynyň ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek wezipeleri kesgitlenen.

Baglary bar hatar-hatar

Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda amala aşyrýan giň gerimli işlerine mynasyp goşant goşmagy maksat edinip yhlasly zähmet çekýän bagbanlaryň hatarynda Boldumsaz etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbanlary hem bar. Daýhan birleşigi boýunça jemi 34 gektar bag meýdany bolup, ondan her ýylda bereketli miwe hasyly ýygnalýar. Ak bazarlarymyzyň bolçulygy ugrunda gaýratly zähmet çekýän bagbanlaryň hatarynda Amannepes Godarow, Aýjahan Muhammedowa, Mamajan Sapaýewa, Sapartagan Amanowa dagyny agzamak bolar. Indi birnäçe ýyllardan bäri bagbançylyk bilen meşgullanyp, bu käriň abyny-tabyny doly ele alan şeýle bagbanlaryň ýetişdiren dürli miweli, saýaly baglaryny synlanyňda gözüň dokunýar. — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa arassalygyny gazanmak babatda alyp barýan oýlanyşykly syýasaty, bagbançylygy ösdürmäge berýän ünsi, kömek-goldawlary öz kärimize has-da gujurly ýapyşmaga ruhlandyrýar. Ýetişdiren baglarymyzda almanyň, erigiň, armydyň, şetdalynyň, garalynyň we başga-da miweli agaçlaryň köp görnüşleri bar. Daýhan birleşigimizde şeýle bagbanlaryň bolmagy bazar bolçulygynyň döredilmegine, ilata hödürlenýän ter önümleriň ýeterlik üpjün edilmegini şertlendirýär — diýip, ussat b

Göwnejaý ideg edilýär

Ahal welaýatynyň oba zähmetkeşleri şu ýyl 195 müň gektar ýerde guşgursak ak bugdaýyň 400 müň tonnasyny öndürmegi meýilleşdirýärler. Bu belent maksada ýetmek gadymy we bereketli ýaýlanyň zähmetsöýer daýhanlaryndan işe has yhlasly, jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edýär. Häzirki günlerde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaşajyk bugdaý maýsalaryna edilýän ideg işleri daýhan yhlasynyň ýerine düşjekdigine ynamy artdyrýar. Ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň ondan bol hasyl almagyň esasy şertidigine oňat düşünýän ak ekin ussatlary häzirki meýdan işlerini ýörite meýilnama esasynda alyp barýarlar. Ideg işleriniň hili ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde saklanýar. Ýeri gelende, ozalky ýyllarda toplanan tejribelere we ylmyň gazananlaryna daýanylmagynyň ýaşajyk maýsalaryň kadaly boý almagyna oňyn täsirini ýetirýändigini aýratyn bellemek gerek. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda göwnejaý garaşyk edilýän ýaşyl ýapynjaly, ýaşajyk maýsaly meýdanlar daş-töwerege ýaraşyk berýär.

Biousullar: peýdaly we netijeli

Hormatly Prezidentimiz geçen duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda şu günler ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Ekinlere degişli ideg işlerini geçirmekde biologiki usullaryň ulanylmagy gowy netije berýär. Biologiki usullary ulanmakda tutuş ýurdumyzda, şol sanda biziň welaýatymyzda hem baý iş tejribesi toplanyldy. Biz bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň welaýat bölüminiň başlygy Arslan Durdygylyjow bilen söhbetdeş bolduk: — Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen topragyň hasyllylygyny artdyrmak, azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmek boýunça uly işler edilýär. Bu ugurda siziň gullugyňyzyň paýyna düşýän işler hakynda aýdaýsaňyz...

Bereketli hasyl garaşyga bagly

Welaýatymyzyň gallaçy babadaýhanlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstümizdäki ýylynda 130 müň gektarda ekilen güýzlük bugdaýdan 310 müň tonna hasyly ýygnamagy maksat edinýärler. Olar şu günlerden bugdaýyň idegini kemsiz ýetirmek bilen öňde goýan maksatlaryna ýetjekdiklerine berk ynanýarlar. Bu iş Kerki etrabynyň «Hatap» daýhan birleşiginiň ýaşyl maýsaly meýdanlarynda hem göwnejaý ýola goýulýar. ugdaý bilen birlikde azyklyk ekinleriň ýeralma, sogan ýaly görnüşlerinden hem her ýylda bol hasyl ýygnalýar. Olaryň hersi üçin ýazda we güýzde 11,5 gektar ýer bölünip berildi. Daýhanlar bu azyklyk ekinlerden hasyl ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny geçen ýylda artygy bilen ýerine ýetirdiler. Bugdaýdan hem bol hasyl almakda daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri öňe saýlanýarlar. Şu günlerde bereketli ekine garaşygyň ýola goýluşyny, şonuň netijesinde gowy ösüp boý alýan bugdaýlary synlap, bu ýylda hem daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlarynyň öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýandyklaryna gözüň ýetýär.

Dok hem ýyly gyşladylýar

Gyzylarbat etrabynyň «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygyna degişli dowarlar hem-de düýeler Garagum sährasynyň jümmüşindäki, Köpetdagyň eteklerindäki uzak öri meýdanlarynda bakylýar. Hojalykda dowarlaryň 27 müň 350-ä golaýy bolup, olaryň 17 müň 600-den gowragy ene goýunlardyr. Şeýle hem hojalykda düýeleriň 2 müň 482-si bar. Olary bakmak baý iş tejribesi bolan çopanlara ynanylypdyr. Olar mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin ýadawsyz alada edýärler. Maldarçylyk hojalygynda ot-iým taýýarlamakda ot orujy, daňyjy tehnikalaryň, ot daşaýan traktorlaryň güýjünden ýerlikli peýdalanylyp, tomus we güýz aýlarynda ýorunjanyň, samanyň hem-de iri baldakly, dürli görnüşli otlaryň 2 müň 498 tonnasy mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşaldy. Kaşarlar abatlanylyp, irgözinden gyşa taýýarlanyldy.

Daýhan bagty toprakda

Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Arazgylyç Arazgylyjow bir sapar özara gürrüňdeşlikde şeýle diýdi: «Biziň topragymyzda ussat gallaçylaryň ençemesi bar. Olaryň biri hökmünde Durdymyrat Jamanowyň adyny tutmak bolar. Sebäbi ol daýhançylyk babatda başgalardan has öňe saýlanýar». Şu sözlerden soň, bu daýhana duşmak meýli dörese-de, wagty bilen mümkinçilik bolmady. Ýöne geçen ýylyň güýzünde, has anygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň öňdebaryjy oba hojalyk işgärleriniň bir toparyny ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanyny gazetde okanymda, Durdymyrat Jamanowyň adyna hem gabat geldim. Şonda ol Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanylypdyr. Bu habar Arazgylyjyň sözlerini doly tassyklap, gürrüňi edilýän daýhanyň ýanyna ýörite barmagyma sebäp boldy.

Arassa agyz suwunyň bolçulygy ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň tebigy gaz, elektrik energiýasy ýaly derwaýys serişdeler bilen bir hatarda, arassa agyz suwuna bolan isleginiň talabalaýyk kanagatlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, bu babatda öňde goýulýan wezipelerden ugur alýan welaýatymyzyň degişli edara-kärhanalarynyň işgärleri zerur çäreleri durmuşa geçirýärler. Olar barada «Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň «Daşoguzşäheragyzsuw» müdirliginiň önümçilik-tehniki bölüminiň müdiri Allabergen Bazarbaýew şeýle gürrüň berdi: — Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilişini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan çärelere goşant goşmak müdirligimiziň işgärleriniň esasy aladasy bolup durýar. Şunlukda, olaryň çekýän agzybirlikli zähmeti bilen her ýyl agyz suwunyň uly möçberleri öndürilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärhanamyz boýunça 5463 müň kub metr arassa agyz suwunyň ilata ýetirilmegi-de şonuň netijesidir.