Bereketli hasyl garaşyga bagly

17 Ýanwar 2024
715

Welaýatymyzyň gallaçy babadaýhanlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstümizdäki ýylynda 130 müň gektarda ekilen güýzlük bugdaýdan 310 müň tonna hasyly ýygnamagy maksat edinýärler. Olar şu günlerden bugdaýyň idegini kemsiz ýetirmek bilen öňde goýan maksatlaryna ýetjekdiklerine berk ynanýarlar. Bu iş Kerki etrabynyň «Hatap» daýhan birleşiginiň ýaşyl maýsaly meýdanlarynda hem göwnejaý ýola goýulýar.

ugdaý bilen birlikde azyklyk ekinleriň ýeralma, sogan ýaly görnüşlerinden hem her ýylda bol hasyl ýygnalýar. Olaryň hersi üçin ýazda we güýzde 11,5 gektar ýer bölünip berildi. Daýhanlar bu azyklyk ekinlerden hasyl ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny geçen ýylda artygy bilen ýerine ýetirdiler. Bugdaýdan hem bol hasyl almakda daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri öňe saýlanýarlar. Şu günlerde bereketli ekine garaşygyň ýola goýluşyny, şonuň netijesinde gowy ösüp boý alýan bugdaýlary synlap, bu ýylda hem daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlarynyň öňde goýan maksatlaryna ýetmek üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýandyklaryna gözüň ýetýär.

Ilmyrat BERDIÝEW.
Beýleki habarlar