Göwnejaý sürüm — bereketli hasyl

23 Ýanwar 2024
590

Hasyl tohuma-da baglydyr welin, topragyň ekiş möwsümine taýýarlygyna-da has bagly. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň gündogar sebitiniň oba hojalykçylary ýerleri ýazky ekişe taýýarlamak maksady bilen, sürüm işlerini ýokary derejede geçirýärler.

Ýylyň bütin dowamynda daýhanlar bilen sazlaşykda işleýän welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary sürüme işjeňlik bilen gatnaşýarlar. Welaýatda sürüm üçin kuwwatly tehnikalaryň 432-sini ulanmaga mümkinçilik bar. Häzirki günlerde şolaryň 245-si meýdanlarda işledilýär.

Maral AKMYRADOWA,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar