Dok we ýyly gyşladylýar

24 Ýanwar 2024
553

Lebap welaýatynyň maldarlary şu günler Garagumuň we Gyzylgumuň ýaýlalarynda dowarlary gyşlatmak işini göwnejaý alyp barýarlar. Welaýatyň «Türkmenmallary» önümçilik birleşigine degişli bolan bäş sany maldarçylyk hojalygynda dowarlaryň 166 müň 300-den, düýeleriň 2 müň 300-den gowragy gyşladylýar. Gyş — maldara synag döwri. Şu synagdan geçip bilseň, göwün diýen önümiňi alýarsyň.

— Çöle çopan bolmak üçin gelýänler köp, ýöne olaryň hemmesinden çopan çykanok. Çopan bolmak üçin örän düşbi, ugurtapyjy, malyň sesinden onuň ýagdaýyny bilýän, ýadaman-ýaltanman ylgap ýören kişiler gerek. Men-ä halypa hökmünde öz ýanyma alýan şägirtlerimden, ilki bilen, şu häsiýetleri talap edýärin — diýip, Saýat etrabynyň «Jeýhun» maldarçylyk hojalygynyň çopany Öwezmyrat Jumadurdyýew aýdýar. Köýtendag etrabynyň «Köýtendag» maldarçylyk hojalygynyň tejribeli halypa çopany Gahryman Azylow bolsa: «Ata-babalarymyz mala höwesli ýaşlary ýaşlygyndan terbiýeläpdirler. Diýmek, geljekki çopany ýaşlygyndan taplamaly, oňa çopançylygyň ähli tilsimlerini öwretmeli» diýip, biziň gürrüňimize goşuldy. Bu çopanlaryň biri malyny Garagumda baksa, beýlekisi Köýtendagyň eteklerinde, baýyrlyklarda bakýar. Ikisiniň-de özlerine ýetik tejribeleri bar. Şondan hem bu çopanlara mydama ene goýunlary bakmak ynanylýar. Şeýle tejribeli çopanlaryň tagallasy netijesinde welaýatyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy almak baradaky meýilnamany ýylyň-ýylyna üstünlikli ýerine ýetirip gelýärler. Şu ýyl hem olar 72 müň 718 baş guzy almagy maksat edinýärler. Göräýmäge, ýeňil ýaly görünse-de, örän köp aladany, hysyrdyny talap edýän bu iş çopanyň bütin ýylyň dowamynda çeken zähmetiniň, mala eden yhlasynyň netijesini görkezýär. Şonuň üçin eýýämden ene goýunlar aýratyn alada bilen gurşalyp alyndy. Welaýatyň maldarçylyk hojalyklaryndan 94 müň 400-den gowrak baş ene goýun gijelerine ýyly kaşarlarda saklanyp, goşmaça ot-iýmler bilen üpjün edilýär. Gyşyň sowuk günleri meýdan otlary gündizine-de doňup durýar. Şeýle günlerde olar öňünden taýýar edilen ätiýaçlyk otlar bilen iýmitlendirilýär. Hatda ýakylýan suwlary hem ýyly bolýar. Munuň üçin mallar suwa gelen wagty 60 — 70 metrlik çuňlukdaky guýulardan ýyly suw bilen kemsiz gandyrylýar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar