Dok hem ýyly gyşladylýar

17 Ýanwar 2024
673

Gyzylarbat etrabynyň «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygyna degişli dowarlar hem-de düýeler Garagum sährasynyň jümmüşindäki, Köpetdagyň eteklerindäki uzak öri meýdanlarynda bakylýar. Hojalykda dowarlaryň 27 müň 350-ä golaýy bolup, olaryň 17 müň 600-den gowragy ene goýunlardyr. Şeýle hem hojalykda düýeleriň 2 müň 482-si bar. Olary bakmak baý iş tejribesi bolan çopanlara ynanylypdyr. Olar mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin ýadawsyz alada edýärler.

Maldarçylyk hojalygynda ot-iým taýýarlamakda ot orujy, daňyjy tehnikalaryň, ot daşaýan traktorlaryň güýjünden ýerlikli peýdalanylyp, tomus we güýz aýlarynda ýorunjanyň, samanyň hem-de iri baldakly, dürli görnüşli otlaryň 2 müň 498 tonnasy mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşaldy. Kaşarlar abatlanylyp, irgözinden gyşa taýýarlanyldy.

Muhammet Gylyjow.
Beýleki habarlar