Maldarlaryň gyş aladalary

23 Ýanwar 2024
644

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýleni. Gyş möwsüminde howa çalt-çaltdan üýtgäp durýar. Hatda käbir ýyllarda howa örän sowuk, ygally gelip, maldarlaryň öňünde kynçylyklary döredýär. Maldarlaryň jogapkärçiligi artýar. Şol kynçylyklaryň aradan aýrylmagy üçin etrabyň edermen maldarlary gyş döwrüne tomus paslyndan başlap, ýeterlik ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny döretdiler. Şu günler etrabyň dowarlaryny gyşlatmak Merkezi Garagumuň gyş döwründe amatly bolan ýaýlalarda geçirilýär. Mallar üçin oňaýly örüleriň saýlanyp alynmagy, daýhan birleşikleri tarapyndan çarwalaryň hal-ýagdaýlary bilen günde-günaşa gyzyklanylyp durulmagy mallaryň oňat hilli gyşlamagyna uly ýardam berýär. Dowarlary göwnejaý, zootehnikanyň talaplaryna laýyk saklamakda, iýmitlendirmekde we gyşlatmakda etrabymyzyň S.A.Nyýazow, Şaja Batyrow adyndaky hem-de «Mürçe», «Garaşsyzlyk» daýhan birleşikleriniň maldarlary görelde alarlyk zähmet işjeňligini görkezýärler.

Annaberdi ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar