Baglary bar hatar-hatar

18 Ýanwar 2024
657

Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda amala aşyrýan giň gerimli işlerine mynasyp goşant goşmagy maksat edinip yhlasly zähmet çekýän bagbanlaryň hatarynda Boldumsaz etrabynyň «Baýdak» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbanlary hem bar. Daýhan birleşigi boýunça jemi 34 gektar bag meýdany bolup, ondan her ýylda bereketli miwe hasyly ýygnalýar. Ak bazarlarymyzyň bolçulygy ugrunda gaýratly zähmet çekýän bagbanlaryň hatarynda Amannepes Godarow, Aýjahan Muhammedowa, Mamajan Sapaýewa, Sapartagan Amanowa dagyny agzamak bolar. Indi birnäçe ýyllardan bäri bagbançylyk bilen meşgullanyp, bu käriň abyny-tabyny doly ele alan şeýle bagbanlaryň ýetişdiren dürli miweli, saýaly baglaryny synlanyňda gözüň dokunýar.

— Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa arassalygyny gazanmak babatda alyp barýan oýlanyşykly syýasaty, bagbançylygy ösdürmäge berýän ünsi, kömek-goldawlary öz kärimize has-da gujurly ýapyşmaga ruhlandyrýar. Ýetişdiren baglarymyzda almanyň, erigiň, armydyň, şetdalynyň, garalynyň we başga-da miweli agaçlaryň köp görnüşleri bar. Daýhan birleşigimizde şeýle bagbanlaryň bolmagy bazar bolçulygynyň döredilmegine, ilata hödürlenýän ter önümleriň ýeterlik üpjün edilmegini şertlendirýär — diýip, ussat bagban Amannepes Godarow gürrüň berdi.

Ýusup JUMAKOW,
TAP-nyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar