Ösüşlerde mynasyp paýlary bar

22 Ýanwar 2024
502

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ilatyny öz topragymyzda öndürilýän önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňden bellänlerini durmuşa geçirmek işine biziň guramamyzyň agzalary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Munuň şeýledigine tamamlanan ýylyň jemlerine nazar aýlanyňda aýdyň göz ýetirip bolýar. Möhüm işde öňbaşçylyk edýänleriň arasynda Saýat etrabynyň zähmetkeşleri hem bar. Olar möhüm oba hojalyk önümlerini öndürmekde özleriniň ýokary başarnyklaryny görkezýärler. Has takygy, geçen ýylda etrap boýunça gök önümleriň 45,3 müň, ýeralmanyň 27,1 müň, azyklyk bakjanyň 30,2 müň, miweleriň we ir-iýmişleriň 9,4 müň, üzümiň hem 9 müň tonnasy öndürildi. Şunlukda, öňki ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli artyş depgini gazanyldy.

Ýokardaky guwandyryjy jemlerde etrabyň topraga hyzmat edýän, yhlasyny ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirýän ýer eýeleriniň uly zähmet paýlary bar. Olaryň aglabasynyň bolsa biziň guramamyzyň agzalarydygy bellenilmäge mynasypdyr. Etrap birleşmesiniň düzüminde ilkinji guramalaryň 180-den gowragy bolup, olar özüne agzalaryň 36 müňden gowragyny birleşdirýär. Ilkinji guramalarda bu uly güýji hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan jogapkärli wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmäge gönükdirmek ugrunda maksatlaýyn işlere giň gerim berilýär.

Bahar ARSLANOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň maliýe bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar