"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Eller arassa bolmaly

Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek — kesellerden goranmagyň iň ygtybarly usuly. Elleri ýygy-ýygydan ýuwmak peýdaly endik bolup, ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji wiruslar we bakteriýalar ellerde toplanýar, ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Hut şonuň üçin hem, hajathanadan soň, nahar iýmezden öň, daşarda gezelenç edilenden soň, asgyrylandan we üsgürilenden soň, elleri sabyn bilen ýuwmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda adam bedeniniň kesele garşy göreş ukyby gowşaýar. Beden gowşan ýagdaýynda «hapa elleriň keselleri» diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň döremegi ähtimal. Bu keselleriň hataryna ýiti iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator wirus ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir. Elleriň iki tarapyny hem barmaklaryň aralary bilen akar suwuň aşagynda sabynlap, azyndan 20 sekuntlap gowy edip ýuwmaly. Gowy durlanymyzdan soňra süpürip guratmaly. Günüň dowamynda zyýansyzlandyryjy erginleri hem ulanmaly. Sabynyň antiseptik görnüşlerini ulanmak has netijelidir.

Saglyk — abatlyk

Ýaz paslynyň häzirki günlerinde howanyň kä sowap, kä maýlaýandygy sebäpli saglygymyzy berkitmek maksady bilen her birimiz dürli ýokanç keselleriň öňüni alyş hem-de arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmelidiris. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde saglyk diýmegiň manysynda dogry ýaşamak hakyndaky düşünjäniň bardygyny belleýär. Dogry ýaşamak, synamyzyň sagdyn bolmagy üçin, ilkinji nobatda, bedenimiziň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmagyň aladasyny edip, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmegimiz gerek. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Howa şertlerine görä geýinmeli. Iş ýerimizde we öýümizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni ýa-da gapyny wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly. Sowuklama keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

1. Witaminlere baý bolan gök önümleri, miweleri köp iýmeli. 2. Işi we dynç alşy kadalaşdyrmaly.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Lukman maslahat berýär

■ Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary köpräk içiň! ■ Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!

Saglygy Goraýyş ulgamynyň rowaç gadamlary

Garaşsyzlygyň röwşen şuglasy welaýatymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň ösüşlerinde aýdyň şöhlelenýär Ata Watanymyz öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri berkarar döwletimizde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy hem ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenip, dünýä derejelerine çykaryldy. Munuň şeýledigine Garaşsyzlyk ýyllary içinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup, ulanmaga berlen hassahanalaryň, şypahanalaryň, saglyk öýleriniň, şeýle-de öň bar bolan saglyk maksatly desgalaryň durkunyň täzelenmeginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlary

Öňüni alyş sanjymlar — bular kesel dörediji ýokançdan ýa-da olaryň düzüm bölejiginden ybarat bolan we ulanylandan soň adam bedeniniň immunitet (gorag) ulgamynda ýokanja garşy durnuklylygy üpjün edýän lukmançylyk bioserişdeleridir. Türkmenistanda hereket edýän immunoprofilaktika ulgamy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň immunizasiýanyň giňişleýin Maksatnamasynyň talaplaryny berjaý etmeklige hem-de ýokanç keselleriň ýagdaýyny, ulanylýan sanjymlaryň netijeliligini we howpsuzlygyny göz öňünde tutmaklyga esaslanandyr.

Aladamyz — adamlar

Süýjüli diabet bütin dünýäde köp ýaýran keselleriň sanawyna girýär. Bu keselden örän köp adam ejir çekýär. Süýjüli diabeti gutarnykly bejerip bolmaýar, ýöne onuň üçin ruhdan düşmeli däl. Süýji keselli näsaglar hem uzak we sagdyn ýaşap bilerler. Onuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Ganyň düzümindäki glýukozanyň derejesiniň kadadan ýokarlanmazlygy üçin aşakdaky maslahatlar berilýär. Berhiz saklamak. Süýji keselli näsaglar iýmitinde esasan kaloriýalylygy pes, düzüminde şeker çäklendirilen önümleri ulanmalydyr. Tiz özleşýän uglewodlary saklaýan konditer, şöhlat önümlerini, mesge, maýonez, haýwan ýaglaryny iýmegi çäklendirmeli. Balyk ýagyny, zeýtun ýagyny köpräk ulanmaly. Bular adam bedeni üçin peýdaly ýagyň emele gelmegine täsir edýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Welaýat stomatologiýa merkezinde öz işine ezber lukmanlaryň ençemesi zähmet çekýär. Şolaryň biri hem merkeziň diş bejeriş bölüminiň müdiri Şatlyk Nepesowdyr. Işine ökde lukman Ş. Nepesow diş bejeriş bölümine yhlasly ýolbaşçylyk edip, bu ýere gelýän näsaglaryň güler ýüz bilen garşylanylmagyny gazanýar. Bölümde edilýän şeýle aladanyň netijesinde raýatlarymyz lukmandan hoşal bolup, ýürekden alkyş aýdýarlar.

Lukmanlar maslahat berýär

— Agyz-burun örtüklerini ulanyň! — Adamlar bilen howpsuz 2 metr aralygy saklaň!

Ysmanak—dermanlyk ösümlik

Ysmanak ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň arasynda iň köp duş gelýän görnüşleriniň biridir. Ol bir ýyllyk otjumak ösümlik bolup, onuň ýabany we bakja görnüşi bar. Ýabany ysmanak ýaz paslynda dag eteklerinde tebigy ýagdaýda gögerýär. Bakja görnüşi ýörite ekilýär. Ysmanak dürli witaminlere baý dermanlyk ösümlikdir. Şonuň üçin fransuzlar ysmanaga «gök önümleriň şasy» diýen ady beripdirler. Bu dermanlyk ösümliginiň düzüminde С, A, РР, К, E, D witaminleri hem-de B witaminler toplumy bar. Düzümi demre baý bolansoň, ganyň gemoglobinini kadalaşdyrýar. Munuň netijesinde, beden agzalarynyň kislorod bilen üpjünçiligi gowulaşýar.

Saglygymyzy goralyň!

Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan duşuşygyň esasy maksady ilatyň bedeniniň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmakdan, keselleriň öňüni almakdan, şeýle-de jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegini gazanmakdan ybarat boldy. Oňa etrapdaky Ýüplük we Dokma fabrikleriniň işçi-hünärmenleri, ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň raýatlarymyzyň saglygyny goramak babatda edýän bimöçber aladalary we bu ugurda durmuşa geçirýän giň göwrümli işleri barada söz açyp, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakda ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere ünsi çekdiler. Duşuşykda dünýäde giňden ýaýran täze howply ýiti ýokanç keseliniň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň, şeýle-de pasyl çalşygynda döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almakda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada gürrüň edilip, dürli kesellerden goranmak boýunça oňa gatnaşyjylara degerli maslahatlar berildi.

Allergiýa we onuň öňüni almak çäreleri

Allergiýa näme? Allergiýa hadysasy biziň birnäçämizde duş gelýän bolsa gerek. Biz hem onuň bilen bagly käbir maglumatlary okyjylara ýetirmegi makul bildik. Allergiýa bedeniň immun ulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti garşylygydyr. Ol bedeniň dürli böleklerinde ýüze çykyp, birnäçe minutdan ençeme güne çenli dowam edýär.

Möwsümleýin kesellerden goranyň!

Gyşyň öz ornuny ýaza berip, tebigatyň janlanýan wagtynda, ýagny sepgit döwründe agaçlar pyntyklap, güller açylýar. Daş-töweregiň läle-reýhana bürenmegi adamyň göwnüni joşduryp, keýpini göterýär. Emma, gynansak-da, sepgit döwründe allergiýa ýagdaýlarynyň, ýiti respirator wirusly keselleriň ýüze çykmagy, howanyň ýygy-ýygydan üýtgemegi bilen bagly gartaşan adamlaryň gan basyşynyň durnuksyz bolmagy mümkin. Hut şonuň üçin hem, baharda ýüze çykýan kesellere garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, iýmitlenişe, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny (immuniteti) berkitmäge aýratyn üns bermeli. — Witaminlere baý önümleri köpräk iýiň!

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Saglygyň goragynda

Häzirki günlerde howanyň üýtgäp durýandygy sebäpli möwsümleýin ýokanç keselleriň döremek mümkinçiligi has artýar. Şonuň üçin her birimiziň saglygymyza has esewan bolmagymyz gerek. Saglygymyzy berkitmekde we keselden goranmakda sagdyn durmuş ýörelgelerine uly orun degişlidir, bu çärelere näçe irki ýaşda başlasaň, şonça-da gowy netije berýär. Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek hem örän zerurdyr. Eger özüňizde sähelçe bolsa-da sowuklamanyň alamatlaryny duýsaňyz, kesel dörediji wiruslaryň bölüp çykarýan zyýanly zäherleriniň bedenden çalt bölünip çykmagy üçin hökman derlediji, ýokumly suwuklyklary kabul etmeli. Narpyzly, ary bally, limonly ýa-da ýertudananyň mürepbesi goşulan çaý, towuk çorbasy, sarymsak goşulan unaş içseňiz, derdiňize em bolar hem-de janyňyza hoş ýakar.

Saglygym — baş baýlygym (Lukmanyň maslahaty)

■ Öýüň içini her gün tämizlemeli hem-de arassa howa girer ýaly, ýelejiretmeli. Aşhana enjamlary gyzgyn suw bilen ýuwulmalydyr. Tämizleýji serişdeler ulanylanda, elleriňize ýörite arassaçylyk çärelerini geçirmek üçin niýetlenen ellikleri geýmegi unutmaň! ■ Şahsy arassaçylygy berjaý etmekde maşgala agzalarynyň her biriniň aýratynlykda süpürgijiniň, elýaglygynyň bolmagy hökmanydyr. Elýaglyklar her gezek ýuwlansoň, ütüklenilse talabalaýyk bolar.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz

Näsaglamanyň öňüni almak sagdyn bolmaklygyň esasy şertidir. Magtymguly atamyzyň «Saglygyň gadryn bilgil, hassa bolmastan burun» diýip belleýşi ýaly, keselleri bejermekden onuň öňüni almak has bähbitlidir. Möwsümleýin ýokançlaryň öňüni almak bolsa gündelik arassaçylyk çärelerini ýerine ýetirmekden we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmek, maşklary ýerine ýetirmek, elmydama hereketde bolmak, günüň dowamynda ýeterlik derejede arassa agyz suwuny içmek (1,5 — 2 litre çenli), ýeterlik ukyny almak, möwsümleýin geýinmek we zyýanly endiklerden daşda durmak hökman berjaý etmeli şert bolup durýar. Ýokanç kesellerden goranmak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek örän zerur. Elleriňizi sabyn bilen gowy edip ýuwmak, asgyrmaklygyň we üsgürmekligiň medeniýetini saklamak, ýagny agyz-burnuňy eliň aýasy bilen ýapmak, bir gezeklik desmallary ulanmak, zyýansyzlandyrmak, köpçülik ýerlerine barlanda gapynyň tutawajyny mümkin boldugyça ellemezlik ýa-da soňundan antiseptik serişdeler bilen eliňi arassalamak maslahat berilýär. Howada tozanjyklaryň kadadan agdyklyk edýändigini göz öňünde tutup, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak örän zerurdyr. Şunda bir gezek ulanylýan örtügi i

Lukman maslahat berýär

■ Bir gezeklik örtügi 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. ■ Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, gowy ukyňyzy alyň, dogry we kadaly iýmitleniň, gün tertibiňizi dogry düzüň hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň. Arassaçylyk düzgünlerini berk we doly berjaý ediň.

Lukmanyň maslahatlary