Saglygyň goragynda

15 Mart 2021
838

Häzirki günlerde howanyň üýtgäp durýandygy sebäpli möwsümleýin ýokanç keselleriň döremek mümkinçiligi has artýar. Şonuň üçin her birimiziň saglygymyza has esewan bolmagymyz gerek. Saglygymyzy berkitmekde we keselden goranmakda sagdyn durmuş ýörelgelerine uly orun degişlidir, bu çärelere näçe irki ýaşda başlasaň, şonça-da gowy netije berýär. Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek hem örän zerurdyr.

Eger özüňizde sähelçe bolsa-da sowuklamanyň alamatlaryny duýsaňyz, kesel dörediji wiruslaryň bölüp çykarýan zyýanly zäherleriniň bedenden çalt bölünip çykmagy üçin hökman derlediji, ýokumly suwuklyklary kabul etmeli. Narpyzly, ary bally, limonly ýa-da ýertudananyň mürepbesi goşulan çaý, towuk çorbasy, sarymsak goşulan unaş içseňiz, derdiňize em bolar hem-de janyňyza hoş ýakar.

Dilnaza SAIDOWA,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar