Möwsümleýin kesellerden goranyň!

16 Mart 2021
1185

Gyşyň öz ornuny ýaza berip, tebigatyň janlanýan wagtynda, ýagny sepgit döwründe agaçlar pyntyklap, güller açylýar. Daş-töweregiň läle-reýhana bürenmegi adamyň göwnüni joşduryp, keýpini göterýär. Emma, gynansak-da, sepgit döwründe allergiýa ýagdaýlarynyň, ýiti respirator wirusly keselleriň ýüze çykmagy, howanyň ýygy-ýygydan üýtgemegi bilen bagly gartaşan adamlaryň gan basyşynyň durnuksyz bolmagy mümkin. Hut şonuň üçin hem, baharda ýüze çykýan kesellere garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, iýmitlenişe, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny (immuniteti) berkitmäge aýratyn üns bermeli.

— Witaminlere baý önümleri köpräk iýiň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar