Sagdyn bolaýyn diýseňiz

15 Mart 2021
928

Näsaglamanyň öňüni almak sagdyn bolmaklygyň esasy şertidir. Magtymguly atamyzyň «Saglygyň gadryn bilgil, hassa bolmastan burun» diýip belleýşi ýaly, keselleri bejermekden onuň öňüni almak has bähbitlidir. Möwsümleýin ýokançlaryň öňüni almak bolsa gündelik arassaçylyk çärelerini ýerine ýetirmekden we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Kesele garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmek, maşklary ýerine ýetirmek, elmydama hereketde bolmak, günüň dowamynda ýeterlik derejede arassa agyz suwuny içmek (1,5 — 2 litre çenli), ýeterlik ukyny almak, möwsümleýin geýinmek we zyýanly endiklerden daşda durmak hökman berjaý etmeli şert bolup durýar. Ýokanç kesellerden goranmak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek örän zerur. Elleriňizi sabyn bilen gowy edip ýuwmak, asgyrmaklygyň we üsgürmekligiň medeniýetini saklamak, ýagny agyz-burnuňy eliň aýasy bilen ýapmak, bir gezeklik desmallary ulanmak, zyýansyzlandyrmak, köpçülik ýerlerine barlanda gapynyň tutawajyny mümkin boldugyça ellemezlik ýa-da soňundan antiseptik serişdeler bilen eliňi arassalamak maslahat berilýär. Howada tozanjyklaryň kadadan agdyklyk edýändigini göz öňünde tutup, lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak örän zerurdyr. Şunda bir gezek ulanylýan örtügi iki sagatdan artyk dakynmaly däl, her iki sagatdan çalyşmaly we ýörite gaba salyp agzyny beklemeli. Köp gezek ulanylýan agyz-burun örtügini bolsa, öýe gelnenden soň gowy edip hojalyk sabyny bilen ýuwmaly we gyzgyn ütük bilen ütüklemeli. Öýde we işde otaglaryň howasyny çalşyp, çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly. Düzüminde hlor saklaýan arassalaýyş serişdeleri ulanmak ýokançlaryň öňüni almakda has-da peýdalydyr. Howpsuz 2 metr aralygy saklamaly. Liftiň düwmejigini basaňda, gapyny açaňda mümkin boldugyça barmagyň arka ýüzi bilen itmeli. El telefonyny ýa-da başga ulanýan zatlaryňy eliňi sabyn bilen gowy edip ýuwaňdan soň, arassalaýjy serişdeler bilen arassalaňdan soň ulanmaly.

Keselleriň öňüni almak, kesele garşy bedeniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin melhem çaýlary, güneşli ülkämiziň topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri ulanmaly.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäherindäki 7-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar