Saglygym — baş baýlygym (Lukmanyň maslahaty)

15 Mart 2021
1070

■ Öýüň içini her gün tämizlemeli hem-de arassa howa girer ýaly, ýelejiretmeli. Aşhana enjamlary gyzgyn suw bilen ýuwulmalydyr. Tämizleýji serişdeler ulanylanda, elleriňize ýörite arassaçylyk çärelerini geçirmek üçin niýetlenen ellikleri geýmegi unutmaň!

■ Şahsy arassaçylygy berjaý etmekde maşgala agzalarynyň her biriniň aýratynlykda süpürgijiniň, elýaglygynyň bolmagy hökmanydyr. Elýaglyklar her gezek ýuwlansoň, ütüklenilse talabalaýyk bolar.

Beýleki habarlar