Saglyk — abatlyk

17 Mart 2021
856

Ýaz paslynyň häzirki günlerinde howanyň kä sowap, kä maýlaýandygy sebäpli saglygymyzy berkitmek maksady bilen her birimiz dürli ýokanç keselleriň öňüni alyş hem-de arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmelidiris. Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde saglyk diýmegiň manysynda dogry ýaşamak hakyndaky düşünjäniň bardygyny belleýär. Dogry ýaşamak, synamyzyň sagdyn bolmagy üçin, ilkinji nobatda, bedenimiziň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmagyň aladasyny edip, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmegimiz gerek. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

Howa şertlerine görä geýinmeli. Iş ýerimizde we öýümizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni ýa-da gapyny wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly. Sowuklama keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.

Gülçehra JURAÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar