Ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlary

17 Mart 2021
886

Öňüni alyş sanjymlar — bular kesel dörediji ýokançdan ýa-da olaryň düzüm bölejiginden ybarat bolan we ulanylandan soň adam bedeniniň immunitet (gorag) ulgamynda ýokanja garşy durnuklylygy üpjün edýän lukmançylyk bioserişdeleridir.

Türkmenistanda hereket edýän immunoprofilaktika ulgamy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň immunizasiýanyň giňişleýin Maksatnamasynyň talaplaryny berjaý etmeklige hem-de ýokanç keselleriň ýagdaýyny, ulanylýan sanjymlaryň netijeliligini we howpsuzlygyny göz öňünde tutmaklyga esaslanandyr.

Ogulnabat ALLABERENOWA,
welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň lukman epidemiology.
Beýleki habarlar