Aladamyz — adamlar

17 Mart 2021
988

Süýjüli diabet bütin dünýäde köp ýaýran keselleriň sanawyna girýär. Bu keselden örän köp adam ejir çekýär. Süýjüli diabeti gutarnykly bejerip bolmaýar, ýöne onuň üçin ruhdan düşmeli däl. Süýji keselli näsaglar hem uzak we sagdyn ýaşap bilerler. Onuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Ganyň düzümindäki glýukozanyň derejesiniň kadadan ýokarlanmazlygy üçin aşakdaky maslahatlar berilýär.

Berhiz saklamak. Süýji keselli näsaglar iýmitinde esasan kaloriýalylygy pes, düzüminde şeker çäklendirilen önümleri ulanmalydyr. Tiz özleşýän uglewodlary saklaýan konditer, şöhlat önümlerini, mesge, maýonez, haýwan ýaglaryny iýmegi çäklendirmeli. Balyk ýagyny, zeýtun ýagyny köpräk ulanmaly. Bular adam bedeni üçin peýdaly ýagyň emele gelmegine täsir edýär.

Beýleki habarlar