"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Sagdynlygyň girewi

Elleri ýygy-ýygydan ýuwup durmak zerur we peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji mikroblar we bakteriýalar ellerde toplanýar hem-de ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Nahardan öň we soň, daşarda gezelenç edilenden soň, elleri gowy edip, sabyn bilen ýuwmaly. Asgyrylanda, üsgürilende, elýaglyk ulanmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda, hapa elleriň keselleri diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň birtoparynyň döremegi ähtimal. Bu keselleriň toparyna ýiti iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir. Hut şonuň üçin hem ellerimizi elmydama arassa saklalyň, bu peýdaly endigi özümizde hem-de çagalarymyzda kemala getireliň! Elleriň iki tarapyny-da barmaklaryň aralary bilen birlikde akar suwuň aşagynda sabynlap, 20 sekunt gowy edip ýuwmaly. Ellerimizi gowy durlanymyzdan soňra, süpürip guratmaly.

Saglygymyz — baýlygymyz

Jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly we howpsuz aralygy saklamaly! Dermanlyk ösümlikleri kada laýyk ulanyň!

Ýazlaga sagdynlyk ýaraşar

Häzirki sepgit döwründe allergiýa ýagdaýlarynyň, ýiti respirator wirusly keselleriň ýüze çykmagy, howanyň ýygy-ýygydan üýtgemegi bilen baglylykda gartaşan adamlaryň gan basyşynyň durnuksyz bolmagy mümkin. Hut şonuň üçin hem baharda ýüze çykýan näsazlyklara garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, iýmitlenişe, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny (immuniteti) berkitmäge aýratyn üns bermeli. Witaminlere baý önümleri köpräk iýiň!

Sagdynlyk ýörelgesi rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bähbidine gönükdirilen, ýurdumyzyň ähli ugurlaryny gurşap alan özgertmeler bilen birlikde, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde, sporty, bedenterbiýäni giňden ýaýbaňlandyrmakda alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge, türgenleşikleri ýokary derejede alyp barmaga mümkinçilik berýän sport desgalary ýurdumyzda geljekde-de bu ugurda uly üstünlikleriň gazanyljakdygyny äşgär görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda sport desgalarynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulmagy netijesinde sporta höwesli, Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende göterilmegine goşant goşjak ýaşlaryň kemala gelýändigi buýsançly hakykatdyr. Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, asudalygy, abadançylygy dünýä ýüzünde giňden dabaralandyryp, Watanymyzyň abraýyny belent derejelere göterýän hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň belent maksatly tutumlarda mynasyp beýanyny tapyp gelýändigine, Diýarymyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilip, şan-şöhratynyň dünýä ýaýylýandygyna guwanyp hem-de buýsanyp ýaşaýarys. Munuň üçin biziň Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşymyz

Saglygymyz — iň gymmatly baýlygymyz

1. Arassaçylyk kadalaryny berk berjaý ediň. 2. Otaglarda üzärlik tütediň.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Saglygymyzy goralyň!

Her paslyň öz aýratynlyklary bar. Irki baharda adam bedeni üçin witaminler, minerallar azlyk edip başlaýar. Bu ýagdaý dürli keselleriň döremegine, howanyň durnuksyzlygy sebäpli, dem alyş ýollarynyň ýiti respirator we öýken keselleriniň ýüze çykmagyna getirip bilýär. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde ýagyş, güýçli ýel, yzygiderli şemally howa we çyglylygyň üýtgäp durmagy bedeniň immun ulgamyny pese düşürýär. Beden sowuklama duýgur bolýar. Könelişen keseller gaýtadan ýüze çykyp başlaýar. Allergiýanyň döremegi beýleki öýken keselleriniň we respirator keselleriniň agyr geçmegine sebäp bolup bilýär.

Zyýanly kömeleklerden ägä boluň!

Kömelek çöplemezden öň çagalar bilen düşündiriş işlerini geçirmeli. Kömelekleri çöplemek ir bilen, howanyň sergin, maýyl wagty amatlydyr. Bu şertlerde kömelekler ter, özboluşly, hoşboý ysly we ýokumly bolýar. Bahar paslynyň gelmegi bilen türkmen topragy lälezarlyga öwrülýär. Baharda tebigat ynsana dürli görnüşli nygmatlary eçilýär. Ýurdumyzyň dag eteklerinde, çöllerinde, baýyrdyr düzlerinde tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýan dürli kömelekler güberçekläp çykýar we domalan kömelegi ösüp ýetişýär. Kömelek tagamly we ýokumly önüm. Onuň düzüminde köp mukdarda beloklar, ýaglar, mineral maddalar, mikroelementler, demir, kalsiý, sink, kaliý, fosfor, kükürt, B1, B2, PP, D toparyna degişli witaminler saklanýar.

Lukman maslahat berýär

■ Ulanylan örtügi çalyşanyňyzdan soň eliňizi gowy edip ýuwuň! ■ Mikroorganizmleri ýok etmek maksady bilen tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!

Baş hazynamyz

Bagtyýarlyk döwrümizde ynsan saglygyny goramak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek, keselleriň öňüni almak babatynda degerli işler alnyp barylýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak saglygymyzy berkitmegiň gözbaşy bolup durýar. Şu günler howada tozan bölejikleriniň kadadan artýandygy sebäpli, lukmanlaryň berýän maslahatlaryna doly eýermegimiz gerek. Bu babatda her birimiz agyz-burun örtüklerini dakynmagy, ellerimizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagy, öý we iş otaglarynyň howasyny çalşyp durmagy endik edinip, saglygymyzy berkitmäge çalyşmalydyrys. Çünki, saglyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr.

Täze mümkinçilikler açylýar

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi ýokary depginde alnyp barylýar. Biziň welaýat köpugurly hassahanamyza Germaniýanyň önümi bolan «Karl — Storž» Artroskop (bogunlarda kiçi ölçegde kesip, barlaglar we amal etmek) guraly ulanylmaga berildi. Artroskopiýa az inwaziw hirurgiki bejergi bolmak bilen, dürli hünärli adamlarda we sport bilen meşgullanýan ýaşlarymyzda, esasan hem, dyz bognunda köp operasiýalary ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Artroskopiki barlag we bejergi usullarynyň lukmançylygyň amalyýetine ornaşdyrylmagy, dyzyň bogun hirurgiýasyny has öňe gadam basdyrdy. Ol çigin, tirsek, but, çanaklyk, dyz we injik-daban bogunlarynda dürli barlaglar geçirmek we amaly bejergi üçin giňden ulanylýar. Gat-gat jaýlarda ýaşaýan raýatlarymyzda, türgenlerimizde iri bogunlaryň ýumşak dokumalarynyň, meniskleriniň — bogunara kitirtmekleriň zeperlenmegi has köp duş gelýär. Şeýle zeperlenme köp halatlarda sportuň göreş, uzynlygyna bökmek, futbol, hokkeý görnüşleri bilen meşgullanýan ýaş ýetginjeklerde, erkek we zenan türgenlerde gabat gelýär. Menisk bu bogunara kitirtmek bolmak bilen bogunda maýyşgaklyk işini ýerine ýetirýär. Bogunda menisk iki bölekden ybarat, ýagny, içki we daşky kitirtmek bolýar. Içki kitirtmek, daşka görä 8-9 esse kö

Ileri tutulýan ugur

Garaşsyz Watanymyzda “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen ýörelgä eýerilip, halkymyzyň saglygy barada bimöçber aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş we sport ulgamlary uly ösüşlere eýe bolýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna we beýleki milli maksatnamalara laýyklykda, ilatyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen çäreler sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýete giňden ornaşdyrylmagy bilen utgaşykly alnyp barylýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işlerde köpçülikleýin bedenterbiýäni we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy giňden wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki, bedenterbiýe, sport saglygyň girewi hasaplanylýar. Arkadag Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-halkyň saglygy we abadançylygy baradaky aladany, beden taýdan sagdyn ruhubelent ýaşlary terbiýelemegi döwlet ähmiýetli wezipe hökmünde yglan edip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Täsirli geçýär

Ata Watanymyzda ynsan saglygy hakyndaky alada hemişe esasy wezipe bolup, ilkinji orunda durýar. Bagtyýarlygyň mekanyna öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde geljegimiz bolan ýaş nesliň beden taýdan sagdyn bolmagyny, olaryň ýaşlykdan sagdyn durmuş ýörelgesini ýörelge edinmeklerini gazanmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Etrabymyzyň lukmanlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda edara-kärhanalarda, ilatyň köpçülikleýin bolýan ýerlerinde, orta mekdeplerde, ýaşlaryň arasynda “Sagdyn bolmak — özüňe bagly” diýen at bilen geçiren wagyz-nesihat çärelerimiz gyzykly hem täsirli boldy. Etrabymyzyň 1-nji, 2-nji, 3-nji, 10-njy, 22-nji orta mekdeplerinde geçiren saglyk hem-de tertip-düzgün baradaky wagyz-nesihat çärelerimiz ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda bellenilip geçiljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny mynasyp garşylamagy maksat edinýän ýaşlarymyzyň gadamlary batly, ümzükleri öňe.

Ysmanak — ýaz nygmaty

Ysmanak ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň arasynda iň köp duş gelýänleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän bu birýyllyk otjumak ösümligiň ýabany we bakja görnüşleri bardyr. Ýabany ysmanak ýaz paslynda dag eteklerinde tebigy ýagdaýda gögerýär. Ysmanagyň düzüminde A, C, D, PP, K ýaly witaminleriň 20-siniň, turşuja, limon, alma turşulyklarynyň bardygy anyklanyldy. Mundan başga-da, onuň düzüminde beloklar, ýaglar, uglewodlar, demir, mis, sink, ýod, kaliý, kalsiý, fosfor ýaly mikroelementleriň, mineral duzlaryň köp mukdary saklanýar. Ysmanak irki wagtlardan bäri azyk we dermanlyk maksatlar üçin ulanylyp gelinýän ösümlikleriň naýbaşysydyr. Ol bahar paslynda has şüwlümli iýilýär. Ysmanagyň dermanlyk häsiýetleri Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» diýen eserinde beýan edilýär. Ol bu ösümligiň şiresini içgeçmäniň garşysyna ulanypdyr. Derman hökmünde şowakörlügiň, ganazlygyň, witamin ýetmezçiliginiň, içgeçmäniň garşysyna peýdalanylýar.

Saglyk ýoly

Durmuşyň manysy — saglyk,Altyn täç ol, bilseň başa. Gurat bedendir baş baýlyk,Lezzetdir goja hem ýaşa.Yzany duýmasa ynsan,Kalby rahat bor hemişe.Ýaşar gülüp hem çekip jan,Okgunly bor her bir işe.Lukman indi öňki ýaly,Ylganok hiç öýden-öýe.Sebäp diýseň Saglyk ýoly,Adamlara boldy söýe.Gurbat-güýji däldir çeniň,Laýyk bilseň saglyk ýolun.Ylgap ýa ýöräp geçeniň,Kän uzaldar ömür salyn.Ýöreseň goýman kemini,On menzil getirmez derdi.Lukmansyz derdiň emini —Ynha, Saglyk ýoly berdi!

Semeni — ýokumlar çemeni

Gadymyýetden bäri ençeme halklaryň dilinde Nowruz baýramynyň esasy nygmaty bolup gelýän semeniniň uly ýaşlylar üçin-de, çagalar üçin-de peýdasynyň uludygyny aýtsak hiç kimi-de geň galdyrmarys. Ýöne bu tagamyň witaminlere we minerallara baýlygy sebäpli, dürli dermanlyk häsiýetleriniň bardygyny bilip goýmak welin artykmaçlyk etmese gerek. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, bir nahar çemçesi möçberindäki semenide iki kilogram gök önümiňkä barabar witaminiň bardygy munuň ýönekeýje subutnamasydyr. Onuň düzüminiň şeýle baýdygyny göz öňünde tutup, semenini aşa köp iýmegem maslahat berilmeýär. Semenini çenini bilip iýmek bagry, öýkeni arassalaýar, içegeleriň işleýşini gowulandyrýar. Nerw dartgynlylygynda-da, semeniniň täsiri uludyr. Onuň köşeşdiriji täsiri bar. Şonuň ýaly-da, semeni özünde bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak häsiýetiniň bardygy bilen hem gymmatlydyr. Witamin ýetmezçiligini bejermekde-de, semeniniň peýdasy diýseň uludyr. Umuman, semeniniň peýdaly häsiýetleri ženşeniňki bilen meňzeşdir.

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

SÜLELI KEPPEGÖWEN

Wagyz-nesihat edildi

Sarahs etrap Medeniýet öýünde etrap prokuraturasynyň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda «Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üstünligiň açarydyr» diýen at bilen etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli işleri, kabul edýän resminamalarydyr çözgütleriniň ähmiýeti, hukuk we dünýewi döwletimiziň milli kanunçylygynyň has-da kämilleşdirilmegi ugrundaky tagallalary barada durup geçdiler. Ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeleri halk köpçüligine çuň many-mazmun bilen ýetirmegiň, maşgala gymmatlygyny wagyz etmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerdigi barada duşuşykda aýratyn bellenildi, Nygtalyşy ýaly, ýaşlaryň watansöýüji, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegini, sagdyn maşgalanyň kemala gelmegini gazanmakda ýaşuly nesliň gatnaşmagynda geçirilýän düşündiriş işleriniň ähmiýeti uludyr. Ýaşuly nesliň nusgalyk görüm-göreldesi ýaşlar üçin durmuş mekdebidir.

Dynç almagyň peýdasy

Şol bir gaýtalanyp durýan hereketler, belli bir zatlar adamy juda ýadadýar. Şonuň üçin hem adam iş bilen dynç alşy gezekleşdirip, wagtyny hoş geçirse, saglyga örän oňat täsir edýär we köp dertleriň öňi alynýar, ýadawlygyny duýmaýar, fiziki taýdan güýçli bolýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadasyna görä, işjeň dynç alyş adamyň ruhy ýagdaýyna oňat täsirini ýetirýär. Işjeň dynç alyş adam bedeniniň öz-özünden dikelmegine ýardam edýär. Meselem, özüňe laýyk sportuň bir görnüşini saýlap alanyňda ýadawlygy aýyrýar, bedeniň ähli agzalaryna oňyn täsir edýär. Adamyň göwni açylyp, ruhubelent bolýar. Şeýdibem, ol işe durmuşa höwesli bolýar, ýaşaýşa belent söýgi bilen garaýar. Işjeň dynç almagyň dürli-dürli görnüşleri bardyr. Hususan-da, welosipedde gezelenç etmek has-da oňaýlydyr. Munuň üçin bu ulagy sürmäge höwes bolmalydyr. Pasyllara görä balyk tutmak hem dynç alşyň iň gyzykly görnüşidir. Balyk tutulanda adam wagtyny oňat geçirýär we nerw ulgamy rahatlanýar. Ekologiýa taýdan arassa, tämiz howaly ýerde adam tebigatyň goýnunda dynç alyp rahatlanýar. Balyk tutup işjeň ýagdaýda dynç alýan adamyň işe bolan ukyby höwesi öňküden-de artýar.

Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ulgamynda ýetilen sepgitler

Ilatyň saglygyny goramak hem-de pugtalandyrmak, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan syýasatyň esasy maksady bolup durýar. Döwletimiziň syýasatynda raýatlaryň saglygy we abadançylygy ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlendi. Milli Lidermiziň daşary ýurtlar bilen parahatçylyk, birek-birege düşünişmek, dostluk ýörelgelerini rowaçlandyrmak ugrundaky öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, ilkinji nobatda bolsa, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny berkitmekde saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamynyň ileri tutulýan orny kesgitlendi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu ulgamlarda düýpli özgertmeleri geçirmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Saglygy goraýyş ulgamynda maksatnamalaýyn özgertmeler netijesinde döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak, ýokary tehnologiki enjamlary satyn almak, netijeli sanly lukmançylyga geçmek boýunça göz öňünde tutulan taslamalar durmuşa geçirildi. Lukmanlaryň hünärlerini kämilleşdirmek we olary maksatlaýyn taýýarlamak, ýokary hill